Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy dersiniň maksady - dersiň özleşdiriliş prosesinde konstitusiýa hukugyny hukuk pudagy, hukuk ylmy we predmet höküminde özleşdirmek bilen onuň kadalarynyň ulanyş metodlaryny, döwletiň konstitusion gurluşy, döwlet häkimiýetiniň we dolandyryş edaralarynyň sistemasy, ýerli häkimiýetiň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hem-de olaryň biri-biriniň arasyndaky gatnaşyklary, adamyň we raýatyň konstitusion hukuklary, azatlyklary, borçlary, jogapkärçilikleri we ş.m. meseleleri öwrenmekdir. Talyplara we diňleýjilere döwletiň konstitusion gurluşynyň esaslary, gurluşy, dolandyryşy, düzgüni, häkimiýet şahalary, nyşanlary boýunça düýpli bilim bermek we döwletiň dolandyryş edaralarynyň dolandyrylyşynyň ähli ugurlaryny öwretmek bilen döwlet gullugynyň islendik ulgamynda we döwlete dahylly bolmadyk dürli wezipelerde işlemegiň endigini bermekden hem-de hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Administratiw hukugy dersiniň maksady – diňleýjilere we talyplara döwlet dolandyryşynyň döwletiň işiniň bir bölegidigini, ýerine ýetiriji häkimiýetiň döwlet dolandyryşyny amala aşyrmagynyň hukuk, guramaçylyk esaslaryny öwretmekden ybaratdyr. Ýagny döwlet dolandyryşynyň umumy düşünjesi we onuň aýratynlyklary, administratiw hukugynyň predmeti, administratiw hukuk kadalary, gatnaşyklary, şu hukugyň subýektleri, olaryň aýratynlyklary we hersiniň hukuk ýagdaýlary, administratiw jogapkärçiligi, administratiw hukuk bozulmalarynyň düzümi we görnüşleri, pudaklaýyn ugurlara bölünişi we ulanylyşy baradaky düşünjeleri öwredýär.
Ýerli häkimiýet hukugy dersiniň maksady – ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň gündelik işleri, wezipeleri bilen baglanyşykly milli kanunçylygy, kadalaşdyryjy hukuk namalary ýokary derejede öwretmekden we düşündirmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy dersiniň maksady – Türkmenistan döwletiniň we hukugynyň taryhy örän wajyp hukuk ylmy bolmak bilen, türkmen halkynyň geçmişde döreden döwletleri, olaryň gurluşy, taryhy döwürlerini we hukuk esaslaryny özünde jemleýär.
Döwletiň we hukugyň nazaryýeti dersiniň maksady – hukuk ylmy hökmünde, döwletiň we hukugyň döremeginiň, hereket etmeginiň we ösmeginiň özboluşly aỳratynlyklaryny hem kanunalaỳyklyklaryny, döwletiň we hukugyň özara arabaglanyşygyny, hukuk dörediş hem hukuk ulanyş işini öwrenýän hukuk pudagy bolup onuň esasy maksady hukugy hem-de beýleki jemgyýetçilik ylymlaryny öwrenijiler üçin nazaryýet esaslaryny özünde jemlemekden ybaratdyr.
Jenaýat hukugy dersiniň maksady – jenaýat hukugy pudagyna degişli kanunlar we beýleki kadalaşdyryjy namalar bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan, olaryň aýratynlyklaryny düşündirmekden ybaratdyr. Ýurtda bolup geçýän ýa-da ýol berilýän dürli hukuk bozulmalaryň, jenaýatçylykly etmişleriň öňüni almak, duýdurmak, aradan aýyrmak, şeýle-de ýurtda asudalygy, agzybirligi, jebisligi we kanunçylygyň kadalaryny mundan beýläk has-da pugtalandyrmak, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinden gelip çykýan ýörelgeleri, wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak, onuň gaýry hukuklar bilen hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, jenaýat kanunçylygy tarapyndan goralýan raýatlaryň konstitusion şahsy hukuklaryny, bähbitlerini, at-abraýlaryny, mertebelerini, azatlyklaryny dürli hukuk bozulmalardan, şonuň ýaly-da jenaýatçylykly hyýanatçylykdan gorap saklamak, jenaýatçylykly ýollar bilen döwlete we raýatlara ýetirilen ruhy, ahlak we maddy zyýanlaryň öwezini doldurmak hem-de iş kesilenler bilen terbiýeçilik-düşündiriş işlerini alyp barmak we olary dogry ýola salmak meselelerini giňden öwrenmek.
Maliýe we bank hukugy dersiniň maksady – döwletiň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin onuň maliýe işiniň, maliýe ulgamynyň hukuk esaslaryny özleşdirmek bolup durýar. Dersi özleşdirmek üçin Türkmenistanda maliýe we bank gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän kanunlar we kanundan gelip çykýan hukuk namalary, döwletiň býujet-maliýe, salgyt, pul we karz syýasatynyň esaslary, döwletimizde alnyp barylýan maliýe işi barada, bazar ykdysady gatnaşyklarynyň, elektron maglumatlar, sanly ykdysadyýet ulgamlarynyň hukuk taýdan kadalaşdyrylyşy, şeýle hem maliýe hukugynyň orny, predmeti, ulgamy we ýörelgeleri barada öwredilýär.
Halkara hukugy dersiniň maksady – diňleýjilere we talyplara halkara hukugy, halkara guramalarda agzalyk we halkara konferensiýalar barada düşünje bermekden ybarat bolup durýar. Ýagny halkara hukugynyň taryhy, häzirki zaman ugurlary, çeşmeleri, obýekti we subýekti, esasy ýörelgeleri barada düşünje bermekden ybaratdyr. Döwletiň häkimiýet edaralarynyň daşary gatnaşyklara bolan hukugy, şonuň bilen birlikde bu hukugyň esasyny emele getirýän diplomatik we konsullyk hukugy barada maglumat bermek bolup durýar.
Hukugyň filosofiýasy dersiň maksady – Hukugyň filosofiýasy adatça esas goýujy, hünär derejeli hukukçylaryň geljekki hünär işleriniň ugruna bagly bolmazdan olaryň taýýarlanylmagynda möhüm orny eýelemek bilen bir wagtda filosofiýanyň we hukuk ylmynyň çatrygynda hukuk ulgamynda has iri pudaklaryň biri bolup durýar. Hukuk dörediji ýa-da hukuk ulanyjy tejribesi bilen meşgullanmak bilen islendik hukukçy ol ýa-da beýleki derejede döwlet, jemgyýet we beýleki subýektler bilen arabaglanyşykda bolýar we olar bilen dürli gatnaşyklara girýär, bu gatnaşyklar şol sanda hukugyň filosofiýasynyň prizmasy arkaly seredilýär.
Beýleki esasy dersler bilen bir hatarda hukugyň filosofiýasyny öwrenmegiň zerurlygy we ähmiýeti onuň häsiýeti we onuň öwrenýän jemgyýetde we umuman döwletde emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň möhümligi bilen kesgitlenilýär.
Sanly dolandyryşyň hukuk üpjünçiligi dersiň maksady - Sanly dolandyryşyň kadalaşdyryjy-hukuk esaslary, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak pudagynyň ösmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk medeniýetiniň hem-de hukuk pikirlenmäniň ýokary derejesi, hukuk integrasiýasynyň we sanly dolandyryşyň esasy ýörelgeleri barada we şol sanda maglumat hukugynyň we maglumat howpsuzlygynyň umumy nazaryýeti boýunça meseleleri hakynda ulgamlaýyn düşünjesini özleşdirmekden ybaratdyr.
Daşary ýurt döwletleriniň konstitusiýa hukugy dersiň maksady – dersi öwrenmegiň aýratyn häsiýetli tarapy daşary ýurtlarda häzirki zaman döwlet gurluşynyň tejribesi we kanunçylygy yzygiderli ösdürilýändigi we täzelenip durulýandygy bilen şertlendirilendir. Şoňa görä-de şu dersiň esasy maksady daşary ýurtlarynyň hukuk ulgamynyň esaslarynyň üýtgedilmeginiň, döwletleriň konstitusiýasynyň häzirki zaman meseleleriniň umumy häsiýetlerini öwrenmekden, şeýle-de käbir daşary ýurt konstitusiýa hukugynyň aýratynlyklaryna üns bermekden, täze edebiýatlary we degişli kadalaşdyryjy namalary hödürlemekden ybaratdyr.
Administratiw önümçilik hukugy dersiň maksady - döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda, hünär derejesini ýokarlandyrmakda okadylýan täze döredilen dersleriň biridir. Ol kada bolşy ýaly, Türkmenistanyň hukuk pudaklarynyň arasynda täze dörän pudaklaryň biri bolup durýar we hünärmenleri, hukukçylary taýýarlamakda, olaryň haýsy hünär işi çygrynda işlejekdigine garamazdan, esasy orunlaryň birini tutýar. Islendik hünärmen, hukukçy kanun döredijilik we hukuk ulanyş tejribesi bilen meşgullanyp, belli bir derejede döwlet bilen gatnaşyklarda bolýar, onuň bilen dolandyryş gatnaşyklaryna girişýär. Bu gatnaşyklar administratiw önümçilik hukugynyň kadalary bilen düzgünleşdirilýär.
Ylmy-barlag usullary dersiň maksady – dersiň maksatnamasynda nazaryýet-hukuk ylymlarynyň, bu ugurdan alnyp barylýan ylmy seljermeleriň nukdaýnazaryndan iň ähmiýetli we wajyp bolan ylmy işlerden hem çeşmelerden, olarda beýan edilen maglumatlardan we düşünjelerden gysgaldylyp peýdalanyldy. Şonuň üçin hem bu okuw maksatnamasyna anyk ylmy barlag işleriniň usullary barada umumy nazaryýet düşünjeleriniň, garaýyşlarynyň gysby hem gysga jemlemesi hökmünde garamak bolar. Şonuň bilen baglylykda-da, bu ders talyplara ylmy-barlag usullaryny özleşdirmeklige ýardam berer diýip hasaplaýarys.
Ylmy-barlag seminary dersiň maksady - talyplary ylmyň esasy düzgünleri we ylmy-barlag işiniň esaslary bilen tanyşdyrmakdan hem-de olaryň hukuk öwreniş çygrynda ylmy-barlag işine taýýarlygyny üpjün edýän bellenen ukyplaryny (başarnyklaryny) ösdürmekden ybarat bolup durýar.
Maliýe hukugy dersiň maksady - maliýe hukugynyň esasy nazaryýet düzgünleri we kadalary bilen tanyşdyrmak; maliýe hukugynyň ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna “hyzmat edýän” hukuk pudagy hökmünde, onuň düzgünleşdiriji ähmiýetini açyp görkezmek; döwlet maliýesiniň derwaýys ykdysady we hukuk meselelerini, maliýanyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirmesiniň ýörelgelerini, usullaryny we görnüşlerini, döwlet maliýesiniň hereket etmeginiň meselelerini we bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwletiň maliýe ulgamyna täsir edýän dürli ýagdaýlary (faktorlary) öwrenmek; maliýe hukugynyň esasy institutlary bolan bank, salgyt, daşary ýurt pullary (walýuta), býujet, ätiýaçlandyryş, maýa goýum ýaly institutlarynyň mazmunyny açyp görkezmek.
Ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy dersiň maksady - döwlet gullukçylaryny we magistrlerini taýýarlamakda okadylýan wajyp dersleriň biridir. Ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy örän derwaýys okuw dersleriniň biri bolmak bilen, ol ýurdumyzyň milli hukuk ulgamynyň gurluşyndan düýpli tapawutlanýan beýleki hukuk maşgalasyna degişli hukuk ulgamly döwletleriň hukuk ulgamlarynyň aýratynlyklary baradaky nazaryýeti, garaýyşlary öwrenýän ylymdyr.
Deňeşdirme hukugy dersiň maksady - Ýurisprudensiýa ugrunda geljekki hünär işi üçin zerur teoretiki we hukuk bilimleriniň toplumy hökmünde deňeşdirme hukugynyň esasy düşünjelerini we kategoriýalaryny öwrenmek. Häzirki zaman dünýäde hukuk maşgalalar, milli hukuk ulgamlaryň gurluşy we dünýä derejesinde hukugyň ösüşiniň esasy ugurlary barada bilimleri almak. Öňdebaryjy daşary ýurt döwletleriň hukuk biliminiň mazmuny, kazyýet ulgamy we hukuk ulgamlaryň aýratynlyklary bilen tanyşmak. Ýurisprudensiýa ugrunda geljekki hünär işi üçin hukugy deňeşdirip öwrenmegiň usullaryny ulanmaklygy başarmak.
Ykdysady hukuk dersiň maksady - ykdysady hukugynyň esasy nazaryýet düzgünleri we kadalary bilen tanyşdyrmak; talyplaryň hünärli hukuk düşünjeliligiň ýokary derejesini gazanmak, okan wagtynda eýe bolan nazaryýet düzgünlerini häzirki zaman döwlet hukuk we hususy hukuk proseslerini seljerip, işinde dogry ulanmaga ukyplaryny ösdürmek, hereket edýän kanunçylygyň çylşyrymly ulgamyna düşünip, tejribede kadalaşdyryjy hukuk namalary takyk bir ýagdaýda ulanmak üçin özbaşdak dogry saýlap almak we dogry ulanmak ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmek, jemgyýetde döreýän ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirmekde ykdysady hukugyň ähmiýetine düşünmek, onuň düzgünleşdiriji ähmiýetini açyp görkezmek; ykdysadyýetiň we hukugyň özara baglanyşykly jemgyýetçilik-durmuş hadysalary hökmünde, olaryň derwaýys meselelerini, bazar ykdysadyýetiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirmesiniň ýörelgelerini, usullaryny we görnüşlerini, döwlet maliýesiniň hereket etmeginiň meselelerini we bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwletiň ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna täsir edýän dürli ýagdaýlary (faktorlary) öwrenmek; ykdysady we maliýe hukuklarynyň esasy institutlary bolan maliýe, bank, salgyt, daşary ýurt pullary (walýuta), býujet, ätiýaçlandyryş, maýa goýum ýaly institutlarynyň mazmunyny açyp görkezmek.