Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň tejribesi

Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri hem-de iri halkara guramalar bilen iki taraplaýyn we köp taraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu ugurda ýurdumyz yzygiderli çäreleri geçirýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli, dostlukly gatnaşyklary berkidýär.

Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy we Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk

guramasy (Organization for Security and Cooperation in Europe) bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 17-18-nji apreli aralygynda sanly ulgam arkaly geçiren «Korrupsiýa töwekgelçilikleri we korrupsiýa garşy göreşmek strategiýalary hem-de hereketleriň meýilnamalary» atly çäräni görkezmek bolar.

Çäräniň maksady korrupsiýa garşy göreşmek strategiýasyny taýýarlamak we ony durmuşa geçirmek boýunça Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyrmak.

Ýewropaly hyzmatdaşlar onlaýn duşuşygyň barşynda korrupsiýa garşy göreşmek strategiýalaryndan hem-de hereketleriň meýilnamalaryndan gelip çykýan işleriň döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunylygy üpjün etmäge gönükdirilendigi barada aýdyp, durmuşa ornaşdyrylýan çäreleriň esasy ugurlary, şeýle hem maksatnamalaýyn işleriň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çäräniň dowamynda kanunçylyk namalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmekde gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler, sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleriň ýerine ýetirilişi barada özara tejribe alşyldy.

Ýurdumyzda korrupsiýa, parahorluga garşy göreşmek boýunça döwlet syýasaty alnyp barylýar. Bu syýasat raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, ýurdumyzyň howpsuzlygyny korrupsiýadan gelip çykýan howplardan goramaga, şeýle-de döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň netijeli işini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda öndürijilikli zähmet çekmek, oňaýly dynç almak we halal gazanjyň bilen gurply ýaşamak üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilýär. Aýratyn-da, halal zähmet çekip, onuň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamak ugrunda ýokary derejeli şertleriň döredilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, bagtly durmuşda ýaşaýan we işleýän halkymyz belent sepgitleri eýelemegi, täze zähmet ýeňişlerini gazanmagy maksat edinýär. Munuň özi häzirki döwrüň bagtyýar durmuşynda erkana ýaşamagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2023 Ähli hukuklar goralan.