2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada hukuk döwletini goldamak» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Germaniýanyň ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş federal ministrliginiň arasynda sanly ulgam arkaly «Döwlet gullukçysynyň etikasy» atly tema boýunça halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Ýaroslaw Mudryý adyndaky Milli hukuk uniwersitetiniň Raýat adalaty we aklawçylyk kafedrasynyň dosenti, ykdysady ylymlarynyň doktory Tatýana Subina şeýle hem Mykolas Romeris adyndaky uniwersitetiň wekili, aklawçy, halkara sertifikatly mediator Alina Sergeýewa özleriniň manyly çykyşlaryny hödürlediler.
Hünärmenleriň «Döwlet gullukçysynyň ahlak düşünjesi, kanuny düzgünleşdirmegiň çeşmeleri», «Döwlet gullukçysynyň ahlak ýörelgeleri», «Döwlet gullukçysynyň etikasynyň düzüm bölekleri» atly temalar bilen eden çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlandy.
Etiket kadalarynyň döremegi adamzat jemgyýetiniň ösüş taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Jemgyýetçilik durmuşynyň dürli taraplaryna laýyklykda etiketiň dürli görnüşleri tapawutlandyrylýar. Häzirki zaman işjeň gatnaşyklarynda edep düzgünlerine uly ähmiýet berilýär. Edeplilige ykdysady kategoriýa hökmünde hem garalýar. Etiket düzgünleri – edeplilik kadalary, uzak wagtyň dowamynda döredilen ählumumy kadalaryň toplumydyr. Bu kadalar köpçülik ýerinde özüňi alyp barmagyň düzgünleridir. Dünýäniň hemme döwletleri özleriniň diplomatik gatnaşyklarynda şol bir umumy düzgünleri berjaý etmäge borçlanýar. Her bir jemgyýet, her bir halk, her bir sosial topar özüne degişli edep kadalaryny döredýär. Bular hakyndaky gürrüňler ylmy-amaly maslahatyň özenini düzdi.
Umuman, döwlet häkimiýetiniň edaralarynda işleýänleriň her birinden kanunlary kämil bilmegi, jemgyýetde kabul edilen ahlak düzgünlerini doly berjaý etmegi, ýokary medeniýetli bolmagy talap edilýär. Döwletli, döwranly döwrümizde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda döwlet gullukçylarynyň özlerine bildirilýän talaplara doly laýyk geljekdikleri gürrüňsizdir.