Ýaşlaryň arasynda raýat jogapkärçiligini ýokarlandyrmak we hukuk medeniýetini ösdürmek

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: “Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir” diýip bellemek bilen, ýaşlary hemmetaraplaýyn terbiýelemegi döwletiň iň esasy wajyp wezipeleriniň biri hökmünde öňe sürýär. Bu bolsa örän ýerlikli we öz wagtynda durmuşa geçirilmeli wezipeleriň biridir. Sebäbi ýaşlar Watanymyzyň geljegi, neslimiziň dowamaty.

Ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetýän döwründe ýaşlaryň öňünde uly wezipeler goýulýar. Ol wezipeleri amala aşyrmakda bilimli, ylymly, medeniýetli we giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň orny örän uludyr.

Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda raýat jogapkärçiligini ýokarlandyrmak we hukuk medeniýetini ösdürmek babatynda giň möçberli işler alnyp barylýar. Döwletiň kanunçylyk ulgamy halkara hukugynyň ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýär. Şeýle hem degişli maksatnamalar we meýilnamalar kabul edilýär hem-de olar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip yglan edilen ýylda bu wezipeleri wagyz etmegi nazarda tutup, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda ýaşlaryň arasynda raýat jogapkärçiligini ýokarlandyrmak we hukuk medeniýetini ösdürmek maksady bilen, wagyz-düşündiriş çäresi geçirildi. Oňa Akademiýanyň mugallymlary, diňleýjileri, talyplary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäredäki çykyşlar we ara alnyp maslahatlaşmalar örän täsirli we many-mazmunly boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň ähmiýeti, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, hukuk medeniýetini we raýat jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, maşgala gatnaşyklary hem-de ýaşlaryň arasynda hukuk medeniýetini ösdürmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny barada çykyşlar diňlenildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň, Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň we beýleki hereket edýän käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryň düzgünleri düşündirildi.

Wagyz-düşündiriş çärede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky taryhy çykyşynda bellenilen wezipeler öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde birnäçe wezipeleri goýandygy, olaryň hemmesiniň hem biri-birinden wajypdygy barada aýdyldy. Şolaryň hatarynda ýaşlaryň arasynda raýat jogapkärçiligini, zähmetsöýerligi terbiýelemek wezipeleri bar. Raýat jogapkärçiligi we zähmete söýgini döretmek biri-biri bilen örän berk baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň arasynda raýat jogapkärçiligini düşündirmek we zähmet çekmäge bolan höwesi wagyz etmek derwaýys wezipeleriň biridir. Bu bolsa ýaşlaryň arasynda hukuk medeniýetini we raýat jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Maslahata gatnaşanlar Milli Liderimize we Arkadagly Serdarymyza sag bolsun aýtdylar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2023 Ähli hukuklar goralan.