EKRAN SUNGATYNYŇ ÖSÜŞLI GADAMLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda medeniýet we media ulgamy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýar. Watanymyzyň medeniýet ulgamynda ýetilen her bir sepgit dürli jemgyýetçilik işleriniň tutuş toplumyny özünde jemleýär hem-de milletiň ruhy-ahlak baýlygyny artdyrmaga gönükdirilýär.

Häzirki döwürde aragatnaşygyň örän çalt ösmegi netijesinde millionlarça adamlar şol bir wagtyň özünde bolup geçýän hadysalar, wakalar baradaky habarlary hem-de olar boýunça teswirlemeler we düşündirişleri alyp bilýärler. Köpçülikleýin habarlaryň şeýle giň gerim almagy bary-ýogy ýüz ýyl mundan öň hem mümkin däldi. XX asyryň başlary adamzada radio aragatnaşygyny beren bolsa, asyryň ikinji ýarymyndan telewideniýe ösüp başlaýar. XX asyryň ahyry bolsa adamzada interneti we ykjam telefonlary berdi, şeýlelikde XX asyra köpçülikleýin hereket, köpçülikleýin önümçilik, köpçülikleýin aragatnaşyk diýen ýaly köpçülikleýin hadysalar mahsus boldy.

Soňky ýyllarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, elektron neşirleriň gerimini giňeltmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli ösdürmek döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Şunuň bilen birlikde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň milli ykdysady nusgasynyň aýratynlyklary hem-de nebitgaz, energetika, ulag, senagat, söwda, oba hojalygy, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlarynyň ösüşi barada giňişleýin maglumatlar beýan edilýär.

Habar beriş serişdeleri - munuň özi islendik döwletiň ruhy ahwalatynyň aýnasy bolmak bilen, döwletiň alyp barýan halk we dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hem dabaralandyryjysydyr. Döwlet gurluşyny, onuň ýörelgelerini halka düşündirmekde, içeri hem daşary syýasatyň aýdyň maksatlaryny wagyz etmekde, ýurt we dünýä möçberinde bolup geçýän täzelikleri yzygiderli habar bermekde, bu ulgam bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir. Ol ilatyň gündelik syrdaşy, has takygy bolsa ruhy iýmitidir.

Adamyň, döwletiň we döwrüň arasynda maglumat dolanşygynyň çeşmesi bolan habar beriş serişdeleri döräli bäri, kämillik başlangyçlarynyň ençemesini geçmek bilen öz görnüşlerini we mümkinçiliklerini, gerimini barha giňeldýär.

Habar beriş serişdeleriniň ähli görnüşleri bilen bir hatarda, türkmen milli telewideniýesi özüniň dörän gününden başlap, öz işini kämilleşdirmek ýoluna düşdi.

Häzirki döwürde türkmen telewideniýesi dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda kämil döwrebap serişdeler bilen üpjün edilen «dag başynyň jygasy» diýlip atlandyrylýan Türkmenistan teleradioýaýlymlar merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Bu bina özüniň binagärlik aýratynlyklary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ýurdumyzyň bu möhüm pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýlelikde, teleradio studiýalarda täze keşp, görnüş we has amatly iş şertleri emele gelýär. Mysal üçin, döwrebap enjamlaryň döredýän mümkinçilikleri bilen baglylykda, teleýaýlymlarda berilýän keşpleriň we şekilleriň durulygy üpjün edilýär. Gepleşikleri surata düşürýän ýokary hilli wideo enjamlar hem şekilleriň dury we aýdyň düşürilmeginde örän ähmiýetli orun eýeleýär. Şonuň ýaly-da, teleýaýlymlarda görünýän esasy şekillerden başga-da, studiýanyň ýa-da surata düşürilýän ýeriň, ýagny köçede, tebigatda, dürli maslahatlarda we mejlislerde, dabara geçirilýän we beýleki ýerlerde ownuk şekilleriniň hem aýdyň we dury görünmegi işiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrýar.

Häzirki wagtda göçme telewideniýe üçin niýetlenilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän we döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün edilen ýörite ulaglaryň telegepleşikleri edil studiýanyň içinde ýaly görnüşde ýazgy etmäge mümkinçilik berýär. Bu teleulaglaryň kömegi bilen ýurdumyzyň islendik künjeginde geçirilýän döwlet ähmiýetli çäreleri, toý baýramçylyklary we beýleki wakalary ýokary hilli, arassa ýazgy etmäge mümkinçilikler döredi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň teleradio ýaýlymlarynyň işiniň dürli ugurlaryny düzgünleşdirýän täze we kämil kadalaşdyryjy hukuk namalar kabul edilýär.  2013-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda kabul edilen «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu Kanun 11 bapdan we 60 maddadan ybarat bolup, ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döredilmeginiň, hereket etmeginiň we ýaýradylmagynyň meselelerini düzgünleşdirýär.

Häzirki döwürde tehnologiýanyň ählumumy ösüşi köpçülikleýin kommunikasiýanyň, telewideniýäniň öňünde-de täze mümkinçilikleri açdy.   Tehnologiýalaryň, aýratyn-da internetiň ýokary derejede ösmegi bilen teleköprüleri guramak işi hem kämilleşýär.

Gepleşikleri göni ýaýlymda bermek we telewideniýäniň aragatnaşyk enjamlary we sanly tehnologiýalar arkaly ýazgy etmek hem-de ýaýlyma bermek önümçilikde-de, gündelik durmuşda-da giňden ulanylýar. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň «Türkmen Älem 520E» ilkinji aragatnaşyk hemrasy kosmos giňişligine çykaryldy. Bu emeli hemrasy ummasyz ýurdumyzyň teleradio ulgamynyň işini has-da netijeli alyp barmkada, ýagny teleradio ýaýlymlarda berilýän gepleşiklleriň we ýazgylaryň hilini ýokarlandyrmakda we göni ýaýlymy guramakda uly mümkinçilikleri döretdi.

Döwletimiziň möhüm pudagy bolan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn uly üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby,

Dünýägözel Täçmyradowa.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2023 Ähli hukuklar goralan.