EKOLOGIÝA WE TEBIGATA SÖÝGI TERBIÝESI BERKIDILDI

Şu ýylyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ekologiýa abadançylygy Watanymyzy ösdürmegiň konsepsiýasynda esasy ugurlaryň biri bolup, ýurdumyzda adamlaryň mynasyp durmuşy üçin zerur şertleri üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çärelerde öz beýanyny tapýar. Diýarymyzda ekologiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy we abadançylygy baradaky alada Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyna möhüm ähmiýet berilýär, asylly däbe görä, güýz we ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça möwsümleýin çäreler guralýar. Şu ýylyň 4-nji noýabrynda Watanymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hem mugallymlaryň, diňleýjileriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin ýowar çäresi geçirildi. Hakyky zähmet baýramçylygyna öwrülen çäräniň dowamynda arassaçylyk we bag nahallaryna ideg etmek işleriniň guramaçylykly ýola goýulmagy Berkarar döwletimiziň ruhubelent ýaşlarynda, döwlet gullukçylarynda ekologiýa we tebigata söýgi terbiýesini has-da berkitdi. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň döreden asylly ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.

Giň gerimli ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde ajaýyp tokaý zolaklary döredildi, olaryň çägi barha giňeldilýär. Özüniň dürli görnüşli baglary, bezeg ösümlikleri we gülleri bilen göreni haýrana goýýan ajaýyp seýilgähler we seýilbaglary ak mermerli türkmen paýtagtynyň nurana keşbine has-da gözellik çaýýar.

Ekilen bag nahallaryna agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg edilmegi olaryň sazlaşykly ösüşini we ýurdumyzyň dürli künjeginde, paýtagtymyzyň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň, seýilgähleriň çäkleriniň giňelmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde pürli hem-de saýaly agaç nahallaryndan ybarat bolan tokaý zolaklarynyň çägi barha giňeýär. Munuň özi bu ýerleriň ösümlik we haýwanat  dünýäsini baýlaşdyrýar hem-de arassa howanyň bolmagyny üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen çäreler tebigata aýawly garamak boýunça asylly däpleriň mynasyp dowamydyr.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2023 Ähli hukuklar goralan.