Akademiýanyň tölegli okuw ugurlarynda okamaga isleg bildirýän raýatlar aşakda görkezilen resminamalary tabşyrmalydyrlar:


— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

—  işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

—  ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Goşmaça soraglar bilen akademiýanyň kabulhanasyna ýüz tutup bilersiňiz. Telefon belgisi: +993 (12) 49-88-46; elektron poçtasy: academy01@dga.edu.tm

Gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýokary hünär biliminiň ikinji basgançagy boýunça okuw ugurlaryna giriş synaglary esasynda, döwlete degişli bolmadyk edaralaryň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuw ugurlaryna bolsa, söhbetdeşlikler esasynda kabul edilýär.

Giriş synaglaryny, söhbetdeşlikleri geçirmek boýunça Akademiýanyň rektorynyň buýrugy bilen ýörite topar döredilýär.
Image
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2023 Ähli hukuklar goralan.