aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
– 5.39.04.04 konstitusiýa hukugy, okuwyň möhleti – 1,5 ýyl; (Kär häsiýetnamasy)
– 5.37.04.25 döwlet dolandyryş, okuwyň möhleti – 2 ýyl. (Kär häsiýetnamasy)
Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Akademiýa taýýarlygyň «Sanly dolandyryş» ugry boýunça kompýuter tehnologiýalary, ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk, taýýarlygyň «Döwlet dolandyryşy» ugry boýunça ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk, taýýarlygyň «Konstitusiýa hukugy» ugry boýunça hukuk çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde bellenilen senelerde kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- pasportyny;
- harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Telefon belgileri: 49-84-76, 49-88-46.
