Halkara gatnaşyklary

Akademiýada döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamagyň häzirki zaman talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara tejribesini öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda birnäçe daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyklara gol çekildi. Şol resminamalaryň çäginde döwlet dolandyryşyna, döwlet gullugyna degişli we beýleki ugurdaş işler alnyp barylýar.
Akademiýa döredilen wagtyndan bäri birnäçe halkara guramalar bilen döwlet gullugyna degişli işleri meýilnama esasynda amala aşyrýar. Meýilnamada daşary ýurtlardaky ugurdaş Akademiýalaryň tejribesini öwrenmäge, Döwlet dolandyryşy ugry boýunça hünärlere magistr derejesini berýän okuw maksatnamalary taýýarlamaga, döwlet gullugynyň möhüm meseleleri boýunça okuwlary geçirmek, duşuşyklary gurnamak üçin tejribeli mugallymlary, hünärmenleri çagyrmaga hem-de Akademiýanyň mugallymlaryny we taslamanyň işine gatnaşýan beýleki edaralaryň hünärmenlerini okuw saparlaryna ugratmaga mümkinçilik berjek çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de sanly dolandyryş ulgamyň dünýä tejribelerini öwrenmek üçin iş saparlaryny gurnamak hem-de Ýewropanyň Döwlet dolandyryş özgertmeleri boýunça öňde baryjy tejribelerini öwrenmek meýilleşdirilýär.

Hyzmatdaşlar

Image
Image
Image
Image
Image
Image
Image
Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasy
Germaniýanyň Gustaw Ştrezemann adyndaky instituty (GSI)
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM)
BMG-niň Ilat Gaznasy (BMGIG)
Halkara Gyzyl Haç Komiteti
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy
 
Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy
Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň arasynda işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, 2012-nji ýylyň 27-nji aprelinde iki akademiýanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekildi. Şol resminama laýyklykda taraplar döwlet edaralarynyň we guramalarynyň dolandyryjy işgärlerini kadaralaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak ugrundaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde degişli duşuşyklary we çäreleri yzygiderli geçirýärler. amala aşyrýarlar.
Germaniýanyň Gustaw Ştrezemann Adyndaky Instituty (GSI)
Ýewropa Bileleşiginiň
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM)
BMG-niň Ilat Gaznasy (BMGIG)
Halkara Gyzyl Haç Komiteti
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy
2022-nji ýylyň 2-nji  noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021