Döwlet we halkara hukugy kafedrasy

Döwlet we halkara hukugy kafedrasynyň professor-mugallymlary hormatly Prezidentimiziň döwleti ösdürmek boýunça işlenilip düzülen maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişine, Akademiýanyň 2020-2021-nji ýyllar üçin “Türkmenistanda döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlary” atly ylmy-barlag işiniň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşýar. Professor-mugallymlar okuw maksatnamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy, Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy, döwletiň we hukugyň nazaryýeti, jenaýat hukugy, halkara hukugy, ýerli häkimiýet hukugy we başga-da birnäçe dersler boýunça okuw sapaklaryny okadýarlar. Professor-mugallymlaryň hünärini yzygiderli kämilleşdirmek, tejribelerini artdyrmak we okuwlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň hukukçylary we bilermenleri bilen duşuşyklar, “tegelek stollar” we ylmy-amaly maslahatlar gurnalýar. Diňleýjileriň ýyllyk we gutardyş işleri, talyplaryň magistrlik işleri boýunça berkidilen temalaryň kämil derejede özleşdirilmegine professor-mugallymlar tarapyndan ýardam berilýär, degişli pudaklarda okuw-tejribe sapaklary gurnalýar, olar gaýtadan taýýarlanylýar we hünär derejeleri ýokarlandyrylýar. Şeýle-de Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we merkezi edaralarynda degişli hukuk maslahatlary berilýär, döwlet gullukçylaryň we wezipeli adamlaryň  hukuk sowatlylygy, hukuk medeniýeti, aňyýeti ösdürilýär, döwlet dolandyryşyna degişli wezipeler amala aşyrylanda milli kanunçylygy we hukugy ýokary derejede peýdalanyp bilmekleri gazanylýar. Mundan başga-da Türkmenistanda döwlet dolandyryş meselesi bolan ykdysadyýet, sosial-medeni, hem-de administratiw-syýasy ugurlary dolandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere döwlet gullukçylary öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryna ýardam berilýär. Her bir mugallym yzygiderli we üznüksiz öz wezipe borjy bilen baglanyşykly akademiýanyň çägindäki we onuň daşyndaky oňaýly tejribeleri öwrenýär we durmuşa ornaşdyrýar.

Bu kafedrada Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak (okuwyň möhleti 2 aý), Täjirçilik arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak (okuwyň möhleti 4 aý), Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak (okuwyň möhleti 5 aý), Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak (okuwyň möhleti 2 okuw ýyly), Magistrleri taýýarlamak (okuwyň möhlet 1,5 ýyl) okuwlaryň ugurlary boýunça okuw geçirilýär.
Okadylýan dersler:
Döwlet sargydy boýunça:
  1. Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy
  2. Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy
  3. Döwletiň we hukugyň nazaryýeti
  4. Jenaýat hukugy
  5. Ýerli häkimiýet hukugy
  6. Maliýe we bank hukugy
  7. Administratiw hukugy
  8. Halkara hukugy
Magistr taýýarlygy boýunça:

  1. Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy
  2. Döwletiň we hukugyň nazaryýeti
  3. Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy
  4. Hukugyň filosofiýasy
  5. Daşary ýurt döwletleriniň konstitusiýa hukugy
  6. Halkara hukugy
  7. Sanly dolandyryşyň hukuk üpjünçiligi
  8. Maliýe hukugy
  9. Zähmet hukugy
  10. Administratiw hukugy
  11. Ýerli häkimiýetiň hukuk üpjünçiligi
  12. Ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy
  13. Deňeşdirme hukugy
Dersleriň beýany:
Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ähli ugurlarda we
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021