Raýat hukugy kafedrasy

Raýat hukugy kafedrasynda tejribeli professor-mugallymlar zähmet çekýär. Hormatly Prezidentimiziň döwleti ösdürmek boýunça işlenilip düzülen maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişine, Akademiýanyň 2020-2022-nji ýyllar üçin “Döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň halkara we milli tejribesi” atly ylmy-barlag işiniň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşýar. Professor-mugallymlarynyň okadýan dersleriniň hataryna Zähmet hukugy, Durmuş üpjünçilik hukugy, Raýat hukugy, Ýer-suw hukugy, Halkara hususy hukugy, Ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy, Halkara arbitraž, Telekeçilik hukugy, Kommersiýa arbitražy dersler girýär. Professor-mugallymlaryň hünärini yzygiderli kämilleşdirmek, tejribelerini artdyrmak we okuwlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň hukukçylary we bilermenleri bilen duşuşyklar, "tegelek stollar" we ylmy-amaly maslahatlar gurnalýar. Professor-mugallymlar yzygiderli we üznüksiz öz wezipe borjy bilen baglanyşykly Akademiýanyň çägindäki we onuň daşyndaky oňaýly tejribeleri öwrenýärler we durmuşa ornaşdyrýarlar. Oňaýly dünýä tejribesini öwrenip, Türkmenistanyň milli kanunçylygyna esaslanyp, okadýan dersleri arkaly diňleýjileriň hukuk derejelerini ýokarlandyrýar. Diňleýjileriň ýyllyk we gutardyş işlerindäki temalaryny özleşdirmäge professor-mugallymlar tarapynda ýardam berilýär. Mundan başga-da, diňleýjileri gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem raýat gullugy üçin gullukçylaryň we raýatlaryň ätiýaçlygyny döretmek maksady bilen, Akademiýada döwlet gullukçylarynyň we wezipeli şahslaryň hukuk sowatlylygy, hukuk medeniýeti, aňyýeti ösdürilýär. Döwlet dolandyryşyna degişli wezipeler amala aşyrylanda milli kanunçylygy we hukugy ýokary derejede peýdalanyp bilmekleri gazanylýar. Türkmenistanda döwlet dolandyryş meselesi bolan ykdysadyýet, sosial-medeni, hem-de administratiw-syýasy ugurlary dolandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere döwlet gullukçylary öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryna ýardam berilýär. Şeýle hem diňleýjiler Türkmenistanyň degişli pudaklarynda okuw-tejribe sapaklaryny geçmäge ugradylyp, pudaklarda we merkezi döwlet edaralarynda olara degişli hukuk maslahatlary berilýär.

Bu kafedrada Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak − okuwyň möhleti iki aý, Täjirçilik arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak − okuwyň möhleti dört aý, Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak − okuwyň möhleti bäş aý, Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak – okuwyň möhleti iki okuw ýyly ugurlary boýunça okuw geçirilýär.
Okadylýan dersler:

Döwlet sargydy boýunça:

  1. Raýat hukugy
  2. Zähmet hukugy
  3. Durmuş üpjünçilik hukugy
  4. Kommersiýa arbitražy
  5. Halkara arbitraž
  6. Halkara hususy hukugy
  7. Ýer-suw hukugy
  8. Ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy
  9. Telekeçilik hukugy

Magistr taýýarlygy boýunça:

  1. Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy
  2. Daşary ýurt döwletleriniň konstitusiýa hukugy
Dersleriň beýany:
2022-nji ýylyň 2-nji  noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021