Image

2007-2022 ýyllardaky Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

"Türkmenistanyň döwlet dolandyryş işiniň ylmy hem usulyýet binýadyny düýpli kämilleşdirmek, şeýle-de döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň we olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça bitewi milli ulgamy döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy döredildi."
Image

Akademiýanyň taryhy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy (DGA) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 12-nji sentýabryndaky PP-5171 belgili Permany esasynda döredildi.

Akademiýanyň döredilenine şu ýyl – «Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 13 ýyl dolýar. Örän gysga döwrüň içinde Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyndaky syýasaty täze döwrüň talaplaryna laýyklykda akademiýa möhüm orun eýeledi. Bu döwürde akademiýanyň işini has-da kämilleşdirmek babatda işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýokary taýýarlykly döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny, şeýle hem döwlete degişli bolmadyk edaralar üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidenti 1606 belgili Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy hakyndaky Düzgünnama, akademiýanyň gurluşy, oňa okuwa kabul etmegiň Tertibi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ýokary hünär bilimden soňky çuňlaşdyrylan bilim berýän döwlet edarasydyr. Akademiýanyň esasy maksady - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýokary bilimli döwlet gullukçylaryny, hünärmenleri gaýtadan taýýarlamakdan we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, magistr maksatnamasy boýunça okatmakdan hem-de döwlet dolandyryşynyň ylmy we usulyýet binýadyny döretmekden, şeýle hem bu işi kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

2009-njy ýylyň 2-nji martynda döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak okuwlary (okuwyň möhleti 5 aý), şol ýylyň 1-nji sentýabryndan döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwlary (okuwyň möhleti 2 ýyl) geçirilip başlandy. Umuman, Akademiýa öz işine başlandan bäri, Türkmenistan boýunça takmynan 2500 döwlet gullukçylarynyň hünärleri ýokarlandyryldy we gaýtadan taýýarlanyldy. Şeýlelik bilen, olar Akademiýada alan bilimlerini we tejribelerini netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmaga taýýar ýokary hünärli döwlet gullukçylary bolup ýetişýärler.

Akademiýanyň daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen ilkinji hyzmatdaşlygy 2012-nji ýylda başlandy. Şol ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyga gol çekildi. Resminama laýyklykda taraplar döwlet edaralarynyň we guramalarynyň dolandyryjy kadrlaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Häzirki wagtda hem bu iki akademiýanyň arasynda dürli ugurlar babatda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk giňelýär we ýyl-ýyldan pugtalanýar. Soňky ýyllaryň dowamynda Akademiýa tarapyndan birnäçe döwlet gullugy pudagynda işleýän daşary ýurtlardaky ugurdaş edaralar we halkara guramalar bilen hususan-da BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň hem-de Ýewropa bileleşiginiň taslamalarynyň çäklerinde gatnaşyklar ýola goýup, olar bilen iki taraplaýyn ähmiýetli birnäçe taslamalar amala aşyrylýar we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ýola goýulýar.

2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Akademiýanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýagdaýda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Akademiýanyň professor-mugallymlary, diňleýjileri we Türkmenistanyň beýleki ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar hem-de Akademiýanyň döredilen wagtyndan bäri gazanan sepgitleri we häzirki wagtda amala aşyrýan işleri bilen golaýdan tanyşdylar.

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Akademiýanyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýagdaýda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Akademiýanyň professor-mugallymlary, diňleýjileri hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýän uçurumlary we beýleki hünärmenler, şeýle-hem daşary ýurtly ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Image
2022-nji ýylyň 2-nji  noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021