"Döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamagyň halkara tejribesi" atly «tegelek stol» görnüşindäki duşuşyk

2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda professor-mugallymlaryň we diňleýjileriň gatnaşmagynda «Döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamagyň halkara tejribesi» atly «tegelek stol» görnüşindäki duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärler bölüminiň başlygy Meretguly Tangiýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Ykdysadyýet we hukuk» kafedrasynyň uly mugallymy Parahat Durdyýew hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň baş hünärmeni Begenç Halnepesow çykyş edip, döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamagyň halkara tejribesi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

«Döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamagyň halkara tejribesi» atly «tegelek stol» görnüşinde geçirilen duşuşyk örän täsirli we gyzykly boldy. Maslahatda çykyş edenler Hytaý Halk Respublikasynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Kanadada, Fransiýada, Germaniýada we beýleki ösen döwletlerde döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamagyň tejribesinden anyk mysallara ýüzlenip, çykyşlarynyň täsirli bolmagyny gazandylar. Çykyşlar maslahata gatnaşan professor-mugallymlarda, diňleýjilerde we myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanda döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamakda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek, täze özgertmeleri amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellediler. Duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan çykyş edenlere döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamagyň halkara tejribesi bilen baglanyşykly berlen birnäçe sowallara degişlilikde kanagatlanarly jogaplar berildi.

Maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygarlar bilen öz wezipesine girişen, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda beýik özgertmeleriň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021