«Türkmenistanyň Konstitusion gurluşynyň esaslary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmenistanyň Konstitusion gurluşynyň esaslary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi


2022-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda professor-mugallymlaryň, diňleýjileriň, talyplaryň, hünärmenleriň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Konstitusiýa döwlet gurluşynyň esaslaryny, onuň jemgyýet we şahsyýet bilen özara gatnaşygyny düzgünleşdirýär. Garaşsyz Türkmenistanda 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Konstitusiýa kabul edildi. Geçen ýyllarda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna döwrüň talabyna laýyk gelýän birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Konstitusion ýörelgelere esaslanýan kanunçylyk kadalarynyň netijeli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp guraly bolmak bilen, ol ösüşleriň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün edýär. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryň arasynda hukuga aýratyn orun degişlidir. Şonuň üçin hukuk jemgyýetiň we döwletiň durnukly ösüşini üpjün edýän serişde hökmünde ýurdumyzda ileri tutulýar.

Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmak babatda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak bilen bagly hem-de durmuş ugruna gönükdirilen kanunlara üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.

«Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslary» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşanlar adamyň mynasyp durmuşynyň üpjün edilmeginiň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021