Howanyň üýtgemeginiň meseleleri

Ulanyjylaryň Bahalandyrmasy: 1 / 5

Ýyldyz AktiwÝyldyz Aktiw DälÝyldyz Aktiw DälÝyldyz Aktiw DälÝyldyz Aktiw Däl
 

2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guramaklarynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk «Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi babatdaky meselelerde tagallalary» diýlip atlandyryldy.

Oňa akademiýanyň professor-mugallymlary, hünärmenleri, diňleýjileri we talyplary, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça bilermenler we hünärmenler, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşykda akademiýanyň diňleýjileri Seýitmyrat Berdiýewiň we Şirin Ylýasowanyň, akademiýanyň hünärmeni Oguljeren Seýitmyradowanyň we Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Gülşat Gurbangylyjowanyň çykyşlary diňlenildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ýaýbaňlandyrylýan toplumlaýyn işler Türkmenistanyň çägi bilen birlikde, sebit ýurtlarynyň ekologik taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilýär. Ýurt boýunça oturdylýan bag nahallarynyň ýylyň-ýylyna sanynyň artmagy, emeli tokaýlaryň meýdanynyň giňemegi, Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň dowam etdirilmegi sebitde howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine sezewar bolan zolaklaryň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyna, atmosfera howasynyň hapalanmagynyň we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleriniň azalmagyna ýardam edýär.

Şoňa görä-de, daşky gurşawy abadanlaşdyrmakda alnyp barylýan dowamly işler, toplanan tejribe nusgalyk hökmünde seredilmäge we görelde almak üçin ýaýradylmaga mynasypdyr. Tebigy baýlyklaryň Durnukly ösüş maksatlaryna goşant goşmagyny ugur edinen döwletimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, ekologiýa hyzmatdaşlygynyň täze görnüşlerini emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň halkara tebigaty goraýyş resminamalaryndan gelip çykýan wezipelerde jogapkärçilik we işjeňlik görkezýändigine şaýatlyk edýär.

Hemişelik Bitarap döwletimiz halkara bileleşigiň deňhukukly agzasy hökmünde tebigy gurşawy goramak boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň gazananlaryna uly sarpa goýýar we ekologiýa ulgamynda abraýly halkara guramalar hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde, milli we sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýär. Netijede, Türkmenistanyň bütin adamzady gyzyklandyrýan ekologiýa meselesinde dünýä ýurtlarynyň özara tagallalaryny birleşdirmek ugrunda beýan edýän anyk teklipleri halkara resminamalarda öz beýanyny tapýar.

Çykyşlarda howanyň üýtgemegi boýunça wezipeleriň çözgüdi babatda gazanylan oňyn netijelere aýratyn orun berildi.

«Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi babatdaky meselelerde tagallalary» atly «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyga gatnaşanlar daşky gurşawyň abadançylygyna, ýaşyl zolaklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021