Hazar gün tertibinde täzeçe çemeleşmeler

Ýyldyz Aktiw DälÝyldyz Aktiw DälÝyldyz Aktiw DälÝyldyz Aktiw DälÝyldyz Aktiw Däl
 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri, milli hem-de umumy bähbitleriň sazlaşygy esasynda guralýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde VI Hazar sammitiniň üstünlikli geçirilmegi hem Hazarýaka sebitde köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň netijeliliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Sammitde Hazar deňziniň gurşawynda parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de durnukly ösüş ýörelgelerini pugtalandyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenildi. Hazar sebitini ösdürmek üçin ygtybarly syýasy we hukuk kepilliklerini üpjün etmegiň, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Şunda kenarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi uly ähmiýete eýedir. Ýeri gelende bellesek, Hazarda hyzmatdaşlyk boýunça dürli döwürlerde pudaklaýyn ylalaşyklaryň ençemesiniň üstünde işlenildi we bu iş dowam etdirilýär. Sammitde bu ugurda amal edilýän çäreleriň halkara gatnaşyklaryň hil taýdan anyk häsiýete eýe bolmagyna, maksadalaýyk, yzygiderli we netijeli ösmegine ýardam edýändigi barada aýratyn nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda Hazarda önümçilik taýdan ýakynlaşmagyň örän möhüm meseledigi, ýurtlarymyzyň uly tebigy serişdelere, berk senagat we tehnologik kuwwata eýedigi hakynda aýdyp, şol serişdeleriňdir kuwwatyň birleşdirilmeginiň, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlarynda “Ýakynlaşmak geçelgeleriniň” döredilmegini wajyp ugur hökmünde kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şunda hususy işewürlik möhüm orun eýelemelidir. Hazarýaka ýurtlaryň maksatnamalaýyn işewürlik forumlaryna badalga bermek zerurdyr. Olaryň barşynda biziň telekeçilerimiz göni gatnaşyk edip, amatly we maksadalaýyk boljak ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýoluny özbaşdak kesgitläp bilerler.

VI Hazar sammitiniň jemleri boýunça degişli Beýanatyň kabul edilmegi Hazarýaka ýurtlaryň BMG-niň Tertipnamasyna, halkara hukugyň ýörelgelerine we kadalaryna eýerýändikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Kenarýaka döwletleriň Hazar deňzinde alyp barýan işleriniň kesgitlenen ýörelgelere laýyk gelmegini üpjün edýän Beýanatyň 17 ugur boýunça garaýyşlarydyr çözgütleri özünde jemlemegi Hazaryň tebigy gurşawyny goramak, onuň biologik serişdelerini saklamak, dikeltmek we rejeli peýdalanmak, şunda ýokary ekologik ýagdaýy üpjün etmek babatda anyk wezipeleriň kesgitlenilmegini şertlendirýär. Munuň özi Hazar deňziniň gurşawynyň ylmy taýdan öwrenilmeginde, kenarýaka ýurtlaryň ylmy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Bu çözgütler deňziň gurşawynyň, tebigy hem-de biologik serişdeleriniň ählumumy bähbitlere laýyklykda peýdalanylmagynda, Hazaryň hukuk derejesiniň kanunçylyk taýdan berkidilmeginde täze mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejeli Aşgabat sammitinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, Hazarýaka ýurtlaryň arasynda ylym-bilim ulgamy boýunça ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegi, bu ugurdaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagy dünýäniň ösen tejribesiniň we häzirki zamanyň innowasion usullarynyň özleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Bu bolsa nobatdaky duşuşygyň diňe bir kenarýaka döwletleriň ykdysadyýetleri üçin däl, eýsem, jemgyýetiň durmuşynyň beýleki wajyp ugurlarynda-da oňyn çözgütleri ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança öwrülendigini tassyklaýar.

Şeýlelikde, umumyhazar gün tertibi boýunça paýtagtymyzda geçirilen ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşyk Bitarap Türkmenistanyň Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine öňdengörüjilikli, örän jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat sammitinde öňe süren teklipdir başlangyçlary bolsa sebit we sebitara derejede özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Alym ANNAMYRADOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory

(Türkmenistan gazeti - 2022-nji ýylyň 12-nji iýuly. Sişenbe.)


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021