“Ýaşlaryň aň-paýhas mümkinçiligi – Watanymyzyň rowaçlygynyň özeni”


Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ähli ugurlarda we ulgamlarda dünýä nusgalyk derejede gülläp ösýän ata Watanymyzyň mizemejek hukuk we demokratik kökleri barada oýlananyňda Oguz han, Alp Arslan, Mälik Şa, Soltan Sanjar ýaly milli demokratiýanyň we diplomatiýanyň berk binýadyny goýan ärler göz öňüňde janlanýar. Ine, hut şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýaş nesillerimizi hut şol beýik şahsyýetleriň mysalynda terbiýelemek babatynda öňümizde beýik maksatlary goýýar. Halkymyzyň özge hiç bir halkyňka meňzemeýän özboluşly ýoly, türkmençilik ýörelgesi bolsa şol terbiýeçilik binýadynyň sarsmaz sütünidir.

Şu nukdaýnazardan, şanly Garaşsyzlyk baýramymyz mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Ýaş nesliň aň-paýhas mümkinçiligi – Watanymyzyň rowaçlygynyň özeni» atly maslahaty geçirdi.

Maslahatda akademiýanyň mugallymlarydyr diňleýjileri, ýaşlar guramasynyň agzalary joşgunly çykyş etdiler. Watançylyk, ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge berilýän mümkinçilikler, mukaddes Garaşsyzlyk barada buýsançly çykyş etdiler. Bu çykyşlar akademiýanyň diňleýjileriniň dutarda ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary bilen utgaşyp belent ruhubelentlik duýgusyny döretdi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021