“Ýaşlaryň aň-paýhas mümkinçiligi – Watanymyzyň rowaçlygynyň özeni”


Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ähli ugurlarda we ulgamlarda dünýä nusgalyk derejede gülläp-ösýän ata Watanymyzyň mizemejek hukuk we demokratik kökleri barada oýlananyňda, Oguz han, Alp Arslan, Mälik Şa, Soltan Sanjar ýaly milli demokratiýanyň we diplomatiýanyň berk binýadyny goýan ärler göz öňüňde janlanýar. Ine hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýaş nesillerimizi hut şol beýik şahsyýetleriň mysalynda terbiýelemek babatynda öňümizde beýik maksatlary goýýar. Halkymyzyň özge hiç bir halkyňka meňzemeýän özboluşly ýoly, türkmençilik ýörelgesi bolsa şol terbiýeçilik binýadynyň sarsmaz sütünidir.

Hut şu nukdaý nazardan ugur alyp hem şanly Garaşsyzlyk baýramymyz mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi bilen “Ýaşlaryň aň-paýhas mümkinçiligi – Watanymyzyň rowaçlygynyň özeni” atly maslahat geçirildi. Maslahatda Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlarydyr diňleýjileri, Ýaşlar guramasynyň agzalary joşgunly çykyş etdiler. Watançylyk, ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge berilýän mümkinçilikler, mukaddes Gararaşsyzlyk barada buýsançly çykyş etdiler. Bu çykyşlar döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň dutarda ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary bilen utgaşyp belent ruhubelentlik duýgusyny döretdi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021