«Sagdyn durmuş ýörelgesi we işjeň hereket» atly maslahat geçirildi

2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi we işjeň hereket» atly maslahat geçirildi.

Maslahata akademiýanyň mugallymlary we diňleýjileri, Aşgabat şäherindäki saglyk öýleriniň maşgala lukmanlary, edara-kärhanalaryň ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary, ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgesini we işjeň hereketi wagyz etmekden ybarat. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hakykatdan-da, Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk binýady goýuldy. Häzirki döwürde şol asylly ýörelgeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Maslahatda çykyş edenler sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassa howada gezelenç etmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, işjeň hereketde bolmagyň ähmiýeti hem-de möhümligi hakynda aýratyn nygtadylar.

Maslahata gatnaşanlar halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2023