“Täjirçilik banklaryň maliýe bazaryndaky orny” atly ylmy-amaly maslahat

“Täjirçilik banklaryň maliýe bazaryndaky orny” atly ylmy-amaly maslahat

2022-nji ýylyň 2-nji  noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň milli pulunyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli “Täjirçilik banklaryň maliýe bazaryndaky orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Türkmenbaşy paýdarlar täjirçilik bankynyň, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň alym professor-mugallymlary, Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary, mugallymlary we diňleýjileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow ähli maslahata gatnaşyjylary şanly sene bilen gutlady we maslahatyň netijeli geçmegini arzuw edip, ylmy-amaly maslahaty açyk diýip yglan etdi.

Ýygnakdaky çykyşlaryň mazmunynda hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň öňünde goýýan strategiki wezipelerini ýerine ýetirmekligiň, pul-karz syýasatynyň berjaý edilmeginiň bank ulgamynyň we maliýe bazarynyň durnukly hem-de sazlaşykly işlemegine bagly bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem geçiş döwründe banklaryň ýurduň maliýe bazarynyň jümmüşinde netijeli işlemegi ýurduň maliýe durnuklylygyna, hümmetsizlenmegiň peselmegine we milli walýutanyň hümmetiniň berkemeginde uly işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellenildi.

Bank hünärmenleri öz çykyşlarynda bank ulgamynda geçirilýän giň gerimli guramaçylyk we institusional özgertmeler, täzeçillikler barada habar berdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet täjirçilik banklaryny paýdarlaşdyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bankyň wekilleri täjirçilik banklaryň paýdarlar jemgyýetine geçirilmeginiň maksatlary we guramaçylyk artykmaçlyklary barada hem belläp geçdiler.

Döwletimizde maliýe sagdynlygy üpjün etmekde milli pul birligiň hümmetini we onuň durnuklylygyny saklamak wezipesi örän wajypdygy barada hem bellenilip geçildi. Bazar ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we jemgyýetçilik önümçiligiň üznüksizligini üpjün etmekde täjirçilik banklaryň wezipesiniň ähmiýetiniň örän uludygyny buýsanç bilen aýtdylar.

Gymmatly kagyzlar bazarynyň işjeňleşmegi banklaryň maliýe resurslary maýalaýyn gaýtadan ýerleşdirmekde işleriniň gerimi has giňelýär. Häzirki döwürde milli bank ulgamynyň bazar hojalygyna hyzmat etmekde ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Müşderilerde gymmatly kagyzlara maýa goýmakda höwes we ynam döretmek örän wajypdygy barada hem giňişleýin bellenip geçildi.

Akademiýanyň we ýokary okuw mekdepleriniň alym professor-mugallymlary milli puluň durnuklylygynyň ykdysady ösüşlerini üpjün etmekdäki ähmiýeti barada, sanly bank hyzmatlarynyň ösüşiniň milli we dünýä tejribesi, puluň konwertirlenmek derejeleri barada çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahatyň soňunda gatnaşyjylar bilen sorag-jogap alyşyldy.

Maslahatyň soňunda Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow maslahatyň täsirli we peýdaly geçendigini belläp, ähli gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi hem-de Milli ykdysadyýetimizi ösen döwletleriň derejesine ýetirmekde, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny berkitmekde we kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýdyp, jan saglyk, uzak ömür, işlerinde hemişe üstünlik gazanmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi. Şeýle hem ýurdymyzyň ykdysady ösüşini halkara giňişligindäki abraýyny belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we hem döwletli tutumlarynyň mundan beýläkde üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2023