Korrupsiýanyň öňüni almaklygyň jemgyýetçilik ähmiýeti

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda korrupsiýa garşy hereket etmegiň meseleleri barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Aşgabat şäher prokuraturasynyň, Aşgabat şäher kazyýetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri we Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary we diňleýjileri gatnaşdylar.

Duşuşygyň baş maksady hormatly Prezidentimiziň döwlet durmuşyna ters gelýän parahorluk we korrupsiýa ýaly ýaramaz hadysalaryň öňüni almakda öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine bagyşlanyldy.

Duşuşykda çykyş edenler korrupsiýa garşy göreşmekde jemgyýetiň öňünde durýan esasy wezipelere we bu ugurda alnyp barylýan işlere ünsi çekdiler. Ýagny duşuşykda Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamany ýerine ýetirmegiň we 2020–2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek, döwlet gullukçysynyň etikasy bilen baglanyşykly resminamalaryň many-mazmuny, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda raýatlaryň halal zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilen şert-mümkinçilikler, halkymyzyň gadymy gözbaşly asylly ýörelgeleri barada gürrüň edildi.

Ýurdumyzda jemgyýetimiziň kämil ösüşini üpjün edýän kanunlar kabul edildi. “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda”, “Döwlet gullugy hakynda”, “Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda” we beýleki haklara kadalaryna laýyk gelýän kanunlar hereket edýär. Şeýle kanunlaryň kabul edilmegi ýaramaz hereketlere garşy göreşi has-da güýçlendirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Watanyny jany-teni bilen söýýän, ýokary ahlak ýörelgelerine, ýurduna we halkyna wepalylyk däplerine ygrarly adamlary kemala getirmegiň şu günüň baş maksadydygy nygtaldy.

Jemläp aýdanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda korrupsiýa garşy hereket etmegiň meseleleri boýunça geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy netijeli we ähmiýetli çäre boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde hem eziz Watanymyzyň bähbidine tutanýerli zähmet çekip, öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek maksadynda güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň

512-nji toparynyň diňleýjisi Babanyýaz Ýalakow


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2023