Korrupsiýanyň öňüni almaklygyň jemgyýetçilik ähmiýeti

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda korrupsiýa garşy hereket etmegiň meseleleri barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Aşgabat şäher prokuraturasynyň, Aşgabat şäher kazyýetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri we Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary we diňleýjileri gatnaşdylar.

Duşuşygyň baş maksady hormatly Prezidentimiziň döwlet durmuşyna ters gelýän parahorluk we korrupsiýa ýaly ýaramaz hadysalaryň öňüni almakda öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine bagyşlanyldy.

Duşuşykda çykyş edenler korrupsiýa garşy göreşmekde jemgyýetiň öňünde durýan esasy wezipelere we bu ugurda alnyp barylýan işlere ünsi çekdiler. Ýagny duşuşykda Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamany ýerine ýetirmegiň we 2020–2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek, döwlet gullukçysynyň etikasy bilen baglanyşykly resminamalaryň many-mazmuny, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda raýatlaryň halal zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilen şert-mümkinçilikler, halkymyzyň gadymy gözbaşly asylly ýörelgeleri barada gürrüň edildi.

Ýurdumyzda jemgyýetimiziň kämil ösüşini üpjün edýän kanunlar kabul edildi. “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda”, “Döwlet gullugy hakynda”, “Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda” we beýleki haklara kadalaryna laýyk gelýän kanunlar hereket edýär. Şeýle kanunlaryň kabul edilmegi ýaramaz hereketlere garşy göreşi has-da güýçlendirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Watanyny jany-teni bilen söýýän, ýokary ahlak ýörelgelerine, ýurduna we halkyna wepalylyk däplerine ygrarly adamlary kemala getirmegiň şu günüň baş maksadydygy nygtaldy.

Jemläp aýdanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda korrupsiýa garşy hereket etmegiň meseleleri boýunça geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy netijeli we ähmiýetli çäre boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde hem eziz Watanymyzyň bähbidine tutanýerli zähmet çekip, öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek maksadynda güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň

512-nji toparynyň diňleýjisi Babanyýaz Ýalakow


 
“KIM-DE-KIM BIR AGAÇ EKSE ÝADYGÄR, DÜNÝÄŇ KITABYNDA ONUŇ ADY BAR”

Günbe-günden dünýä derejesindäki ählitaraplaýyn ykrary bilen gülläp ösýän Diýarymyz Arkadagly Serdarymyzyň beýik göreldesi, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyç goýan beýik işlerine esaslanyp, günsaýyn öňe barýar. Bu gün sagdyn durmuş ýörelgesi, sagdyn genefond, sagdyn ruh ýaly kadalar nesillerimiziň esasy daýanjyna öwrüldi. Bu beýik maksatlaryň we ägirt işleriň özeninde bolsa, umumadamzat gymmatlygy bolan tebigaty aýawly saklamak babatyndaky tagallalar bardyr.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ekologiýa syýasaty häzirkizaman durmuşyň iň esasy syýasatyna öwrülýär. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda bütin dünýäniň ekologik meselelerini çözmeklige işjeň gatnaşýan döwlet hökmündäki ornuny barha berkidýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen BMG-niň belent münberinden bu ugurdan edilen teklipler giň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňlanylýar we goldanýar.

Tebigata aýawly seretmek, ondan ýerlikli peýdalanmak bolsa biziň öňümizde durýan mukaddes borçlaryň biri bolup durýar. Bu mukaddeslik adamyň aňyna ýaşlykdan guýulmaly. Ynsan öz neslinde, ilkinji nobatda, tebigata bolan söýgini döretmeli. Nesilden-nesle “Çagalarymyza tebigaty aýawly saklamagy, ondan ýerlikli peýdalanmagy öwretmeli” diýlen öwüt-ündew halkymyzyň ebedi ýörelgesidir.

Ine,  şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyzdan galan beýik ýörelgä esaslanylyp, häzirki wagtda bedew batly depginler bilen ösýän, özgerýän Diýarymyzda ýaş nesillerimiz zähmete, tebigata, arassa ekologiýa bolan söýgi bilen terbiýelemeklik baş maksatlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda bize nusgawy görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz bar. Bu gün eziz Arkadagymyzyň goýýan nusgalyk göreldesi diňe bir öz ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsemde bolsa, bütin dünýäde hem umumadamzat derejesindäki beýik tutumlar hökmünde ykrar edilýär. Türkmenistan ata Watanymyz öz milli ýol-ýörelgesine esaslanýan beýik-beýik umumadamzat bähbitli teklipleri bilen dünýäniň iň abraýly münberinden seslenýär.

Hormatly Arkadagymyz BMG-niň çäklerinde ekologiýa meseleleri boýunça hem birnäçe halkara konwensiýalarynyň agzasy hökmünde çykyş edýän ata ýurdumyzy giň dünýä tanatdy. Bu gün biziň Watanymyz dünýäniň ýüzünde arassa tebigy şertleri bilen tapawutlanýan, ýaşamak üçin iň oňaýly döwletleriň hatarynda durýar. Ýurdumuzyň bu guwandyryjy üstünligi bolsa, elbetde ýaş nesillere berilýän bilimiň, ylmyň, öwredilýän medeniýetiň ýokary netijeliligi bilen gazanylýar. Bu baky aýdyň ýoly dowamata-dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň gadymy ata-babalarymyzyň ýere aýawly garamak, topragy, suwy gymmatly hazyna hökmünde ulanmak we nesillere geçirmek babatyndaky bahasyz tagallasy bolsa, biziň esasy ylham çeşmämizdir.

“Kim-de-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar” diýen dana jümläni durmuş mekdebine öwren halkymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen bag ekmek çäreleri hem her ýylda yzygiderli döwlet derejesindäki çäre hökmünde dabara bilen geçirilýär. Bu çäreleriň netijesinde bu gün ata ýurdumyz bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwrülýär. Ýaňy-ýakynda, has dogrusy, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabaralaryna gatnaşdylar. Aýdym-saza, hoş owaza beslenip ýurdumyzyň tutuş çäklerini gurşap alan bu dabara halkymyzda belent ruhubelentlik duýgusyny oýardy.

Bilşimiz ýaly, şol gün Akademiýanyň agzybir professor-mugallymlarynyň, diňleýjidir talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy Akademiýasynda hem ozalky oturdylan baglara ideg etmek, agaç nahallaryny oturtmak bilen bagly ýowar gurnaldy. Arassa howanyň, tebigat bilen zähmetiň sazlaşygy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ak ýolunyň beýik waspnamasy bolup geçirilýän ählihalk bag ekilşik çäresine tüýs ýürekden goşulan Döwlet gullugy Akademiýasynyň agzybir professor-mugallymlary, diňleýjidir talyplary hem bagy-bossan ýurdumyzyň gözelligine mynasyp goşantlaryny goşdular.

Hut ertirki nesillerimiziň arassa tebigaty miras almaklary üçin paýhasly ýoly saýlap alan hormatly Prezidentimize bolsa halkymyzyň alkyşlary çäksizdir. Alkyşlynyň bolsa hemişe işleri rowaç bolýar!

Goý, ata Watanymyzy, ene topragymyzy eşretler mekanyna öwren eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrleriň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Ýylyň başyndan bäri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Jemi içerki önümiň depginli ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi. Şeýle-de Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Býujetiň 80,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6 göterim artdy. Şeýle-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Maksatnamanyň çäklerinde hasabat döwründe göz öňünde tutulan 370 desganyň 89-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp baryldy.

Wise-premýer degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hem hasabat berdi. Geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasy hakynda giňişleýin maglumat berildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow şu ýylyň dokuz aýynda garamagyndaky düzümiň işleriniň netijeleri, Döwlet we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 109,3 göterim, çykdajy bölegi 98,8 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda balans toparlarynyň jemi 73 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 52 mejlisi geçirildi. Şeýle-de döwlet eýeçiligindäki emläkleriň hususylaşdyrylmagy we döwlet emläginiň kärendesinden alnan tölegleriň görkezijileri barada hasabat berildi.

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 16 göterimine barabar boldy. Maýa goýum maksatnamasy 56 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 42,7 göterimi önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna, 57,3 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 4 sany hassahananyň, 5 sany çagalar bagynyň, 6 sany umumybilim berýän edaralaryň, 179,2 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalaryň, 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 594,6 kilometr aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işler dowam etdirilýär.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow 2022-nji ýylyň dokuz aýynda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bu maglumatlar pudaklaryň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda tebigy gazyň, nebitiň, çalgy ýaglarynyň, kerosiniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň, nebit koksunyň, sementiň, mineral dökünleriň, şöhlat, süýji-köke önümleriniň, çöregiň we beýleki köp sanly önümleriň önümçiliginde durnukly ösüş gazanyldy.

Ulag-aragatnaşyk toplumynda durnukly görkezijiler üpjün edildi, muny ulagyň ähli görnüşindäki ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberleri tassyklaýar. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 7,5 göterim artdy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk toplumynda gök önümleriň, miwedir ir-iýmişleriň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň öndürilişi ýokarlandy. Şeýle-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde oňyn netijeler gazanyldy.

Bu ulgamda halkara ülňülere laýyk gelýän statistiki hasabatlylygy hem-de maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada-da habar berildi. Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek” şygary astynda şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.

Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow şu ýylyň üç çärýeginde ýurdumyzyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, nyrhlaryň durnuklylygyny üpjün etmäge, halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň karz serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga we bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen karzlaryň galyndysy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy, şol sanda milli manadymyzda berlen karzlaryň galyndysy 16,7 göterim ýokarlandy. Şunuň bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 34,3 göterim, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine berlen karzlaryň galyndysy 3,1 göterim, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karzlaryň galyndysy 1,9 esse, raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň galyndysy 7,5 göterim ýokarlandy. Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin senagat we obasenagat toplumlaryna karzlary bermek boýunça işler dowam etdirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň karz edaralarynyň gazanan peýdasy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we Konstitusiýamyza laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleriň dowam etdirilmelidigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Bäsdeşligi ösdürmek, işewürlik ýagdaýlaryny gowulandyrmak, telekeçileri giňden goldamak boýunça başlanan işler hem dowam etdirilmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz her bir ministrligiň we pudak edarasynyň ýolbaşçylarynyň geljek ýyl üçin öz iş meýilnamasyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde doly esaslandyrmalydygyny tabşyrdy. Wise-premýere salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň doly möçberde ýygnalmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etmek, beýleki halkara maliýe edaralary bilen täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur işleri geçirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça geçen dokuz aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan ykdysady-tehniki görkezijiler barada hasabat berildi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit almak boýunça meýilnama 100,7 göterim derejesinde berjaý edildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 122,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 113,9 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 115,3 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 125,9 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagyň wajypdygyny belledi. Nebiti we tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemeli. Kärhanalaryň doly güýjünde we bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin önümleriň möçberlerini artdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak we uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak barada görkezmeleri berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz wise-premýere toplumda alnyp barylýan işleri seljermegi, işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk-senagat hem-de energetika toplumynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Ýanwar — sentýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 147,2 göterim amal edildi. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 114,6 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 163,8 göterim boldy. Şu ýylyň dokuz aýynyň netijeleri boýunça Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 129,4 göterim ýerine ýetirdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 109,9 göterime, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 129,9 göterime deň boldy.

Şu ýylyň başyndan bäri geçen döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 166 göterim berjaý edildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnamany 100,4 göterim amal etdi. Şu ýylyň dokuz aýynda Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 115,8 göterim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere garamagyndaky ministrlikleri we pudak edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasyny doly seljermegi, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. “Aşgabat-sitini”, ýaşaýyş jaýlaryny we şäherçeleri gurmak üçin taýýarlyk işlerini çaltlandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň ýokary hilli ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etmek, gurluşyk we energetika pudaklaryna gönükdirmek üçin maýa goýumlary köpräk çekmek, şeýle-de bu işleri düýpli seljermek öňde duran işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,7 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 107,7 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini, degişlilikde, 127,8 hem-de 131 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň ösüş depgini 112,8 göterime, gön önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 109,2 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 117,5 göterim ýerine ýetirildi.

Ýanwar — sentýabr aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 224 sany birža söwdasy geçirilip, 27 müň 565 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işler boýunça 113,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 13 sergi we 41 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça dokuz aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 169,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere ýüzlenip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny, bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada her aýda hasabat berip durmalydygyny aýtdy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi senagat we azyk harytlarynyň, oba hojalyk önümleriniň eksportyny has-da giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de daşary ýurtlardan getirilýän oba hojalyk harytlarynyňdyr miweleriň ornuny tutýan ýerli önümleri öndürmäge aýratyn üns bermek, bu ugurda netijeli işleri alyp barmak barada görkezme berdi.

Taýýar dokma önümleriniň eksportyny artdyrmak, daşary ýurt bazarlarynda türkmen nyşanlary bolan dokma önümlerini giňden ýaýratmagy üpjün etmek hem ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Geçen üç çärýegiň dowamynda bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy, okuw kitaplary, gollanmalar neşir edildi. Talyp we okuwçy ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallara mynasyp boldular. Hormatly Prezidentimiziň Buýruklaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 964, orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul edildi.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 5-si açylyp ulanmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna 159 müň 772 kompýuter sowgat berildi. Hasabat döwründe ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugry boýunça ylmy temalar utgaşdyryldy, oýlap tapyşlara, golýazmalara seljerme berildi. Şunuň bilen birlikde, aspirantura, doktorantura kabul edilip, alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy. Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Dissertasiýalary goramak boýunça ýöriteleşdirilen geňeşde doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary goraldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi, ýaşlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýylar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek boýunça guramaçylyk toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.

Şu ýylyň dokuz aýynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler geçirildi. Buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürmek boýunça kärhananyň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär. Degişli döwürde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň we Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralary boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna 70-den gowrak hassa çaga operasiýa bejergileri edildi hem-de mekdep internatlarynda, çagalar öýlerinde terbiýelenýän we okaýan çagalar lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlaryň 14-sinde türkmen hünärmenleriniň 163-si öňdebaryjy klinikalarda hünärlerini kämilleşdirmek boýunça iş saparlarynda boldular.

Şeýle-de hasabat döwründe sporty ösdürmek, türgenleri taýýarlamak, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça degişli işler geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamagyň maksatnamasy tassyklanyldy, degişli guramaçylyk topary döredildi. Halkara sport ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabaralary geçirildi. Şu ýylyň dokuz aýynda halkara ýaryşlarda türkmen türgenleri jemi 286 medala mynasyp boldular. Hasabat döwründe Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi hem-de “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny iş tejribesine giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň hem-de bejerişiň häzirki zaman usullaryny öwrenmek we netijeli peýdalanmak barada görkezme berildi. Şu maksat bilen, bu ulgamda tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de gatnaşyklary ösdürmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Sport ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda dürli sport çärelerini hem-de halkara ýaryşlary geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda, bilim edaralarynda okuw işini talabalaýyk derejede guramak maksady bilen, mekdepleriň ýokary hünär derejeli mugallymlar, okuw kitaplary bilen üpjünçiligine hemişe seljerme bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmagy işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle-de milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, şol sanda medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli medeni çäreler, dabaraly maslahatlar, söhbetdeşlikler, mediaforumlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler geçirildi. Wagyz-nesihat işleri dowam etdirildi. Dürli bäsleşikler yglan edildi.

Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda bolup, ol ýerlerde geçirilen halkara medeni çärelere, maslahatlara, sergilere we okuwlara gatnaşdylar. Ýurdumyzyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Daşary işler ministrligi bilen bilelikde degişli işler alnyp baryldy.

Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, bu toparyň jemi 5 mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçirildi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda «Ýaňlan, Diýarym!» we «Çalsana bagşy!» döredijilik bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary geçirildi we netijeleri jemlenildi. Döredijilik işgärlerini, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, açylyp ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalar baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda we internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan we Konsepsiýalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça hem işler dowam etdirildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça 2022-nji ýylyň geçen dokuz aýynda haryt öndürmegiň möçberi 86 million 855 müň manada deň boldy. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, şeýle-de elektron neşirleri resmi habarlar bilen yzygiderli üpjün etdi. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde işler meýilnama laýyklykda alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tele we radio ýaýlymlarda tomaşaçylary gyzyklandyrýan täze programmalary, şowhunly gepleşikleri taýýarlamagyň, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap medeniýet merkezlerinde we teatrlarda sahnalaşdyrylýan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän eserleriň sanyny artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

«Milli taryhy medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, taryhy ýadygärlikleri we gymmatlyklary gorap saklamak we hemmetaraplaýyn öwrenmek maksady bilen, degişli wagyz-nesihat çärelerini geçirmek hem esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,1 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — sentýabr aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 106,7 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 131,1 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 147,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,2 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,5 göterime deň boldy.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda dürli görnüşli sanly hyzmatlaryň 360-dan gowragy ýerleşdirildi, «Bir penjire» ulgamynda bolsa 14 müňden gowrak şahsy otaglar döredildi.

Welaýat merkezlerinde täze awtomenzilleriň açylandygy barada habar berildi. Şeýle-de elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalarynyň, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşyklary dowam etdirilýär.

Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak bilelikdäki işçi toparlary döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak barada görkezme berdi. Ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, bu ulgamda hyzmatlaryň ýokary hilli we howpsuz ýerine ýetirilmegini gazanmak, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasyny doly güýjünde peýdalanmak üçin zerur işleri geçirmegiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodyny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa söz berildi. Ol şu ýylyň dokuz aýynda degişli düzümleriň alyp baran işleriniň netijeleri, şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Garalýan döwürde şäher häkimligine degişli hojalyk hasaplaşygyndaky edaralar we kärhanalar tarapyndan amala aşyrylan işler boýunça meýilnama 115,8 göterim berjaý edildi. Ýanwar — sentýabr aýlarynda maýa goýumlary özleşdirmekde meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 101,9 göterime barabar boldy. Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 15-si, Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi, Bagtyýarlyk etrabynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdep ulanmaga berildi. “Daşkent” seýilgähiniň hem-de sil suwuny sowujy desgalar toplumynyň gurluşyk işleri tamamlandy.

Şeýle-de gök zolaklara, bagy-bossanly seýilgählere zerur idegleri edýän, degişli abatlaýyş işlerini amala aşyrýan jemagat hojalygynyň ugurdaş gulluklarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berildi. Paýtagtymyzy, onuň ýaşaýyş toplumlaryny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ýol-ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, şäherde arassaçylygy we tertip-düzgüni saklamak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynyň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, paýtagtymyzda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky alnyp barylýan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de häkime paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak işleriniň guralyşyna, jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly işlemegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Häzirki wagtda ekinlerden bol hasyl almak maksady bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda bugdaý ekişi geçirilýär, oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Mundan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýokary hilli tohum serişdeleri bilen üpjün etmek we ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, sebitde güýzlük sogany ekmek, ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja önümlerini ýygnap almak işleri dowam edýär.

Häkimiň habar berşi ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda gazanylan uly üstünliklere bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça degişli işler geçirilýär.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýyl açylmagy meýilleşdirilen durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça degişli işler amala aşyrylýar.

Şeýle-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we obasenagat toplumynda özgertmeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, pagta hasylyny gysga möhletde ýygnamak, bugdaý ekilen meýdanlara toplumlaýyn ideg etmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişi barada maglumat berildi. Şunuň bilen birlikde, bol hasyl almak maksady bilen, güýzlük ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerine ideg etmek üstünlikli dowam edýär. Gant şugundyryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergi işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň, şeýle-de Döwlet Maslahatyndaky çykyşyndan gelip çykýan wezipeleriň ähmiýetini wagyz etmek we düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu ýylyň dokuz aýynda sebitde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, maýa goýumlary özleşdirmek baradaky ýyllyk meýilnama 329 göterim berjaý edildi. Garalýan döwürde welaýat boýunça medeni-durmuş maksatly desgalaryň 7-si gurlup ulanmaga berildi.

Şeýle-de häkim güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça sebitiň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda amala aşyrylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, gowaça hasylyny ýygnamagyň depginlerini güýçlendirmek, hasylyň kabul ediş harmanahanalaryna yzygiderli daşalmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berildi. Güýzlük bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde we degişli derejede tamamlamak üçin ýöriteleşdirilen tehnikalary netijeli ulanmak, haryt öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň gidişi barada hasabat berdi. Hususan-da, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler, gurulmagy hem-de ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Döwlet Baştutanymyza sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işler, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we dowam edýän “ak altyn” hasylynyň ýygymynyň barşy, beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, şol sanda şaly ekinlerine agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Soňra çykyş eden Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde maýa goýumlaryň özleşdirilişi barada berlen maglumatlar hasabatyň esasy meseleleriniň biri boldy. Şeýle-de şu ýyl ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň depginleri barada habar berildi.

Häzirki wagtda dowam edýän bugdaý ekişi, ekiş möwsümini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bölünip berlen ýerleri sürmek, tekizlemek we geriş çekmek, tagt suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de olary kabul ediş harmanhanalaryna yzygiderli daşamak boýunça degişli çäreler görülýär. Halkymyzyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, güýzlük ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine agrotehniki talaplara laýyklykda ideg edilýär. Bu ekinleriň hasyly ýygnalyp, ilata ýetirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de oba hojalygynda özgertmeleriň alnyp barlyşy, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Obasenagat toplumynda önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,8 göterime deň bolandygy habar berildi. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 105 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,1 göterime deň boldy. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 174,3 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzda azyk önümlerini öndürmek boýunça gazanylan görkezijiler barada hasabat berildi. Hususan-da, gök önümleri öndürmegiň meýilnamasynyň 118,9 göterim, bakja önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 112,3 göterim, ýeralmany öndürmegiň meýilnamasynyň 139,9 göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmegiň meýilnamasynyň 115,5 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 105,3 göterim, unaş önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 105,5 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişiniň dowam edýändigi, pagtany gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Mundan başga-da, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, gowaça meýdanlarynda şu ýyl gowy hasylyň ýetişdirilendigini belledi. Pagtanyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmeli. Obasenagat toplumynyň kärhanalaryny we azyk senagaty pudaklaryny doly güýjünde işletmek, kuwwatlyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin öz wagtynda çäreleri görmeli. Hormatly Prezidentimiz ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini döretmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, maldarçylygy ösdürmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirip, ýokary hasyl almak üçin zerur işleri geçirmelidigi barada aýtdy hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri baradaky hasabaty bilen çykyş etdi. Hasabat döwründe “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli işler alnyp baryldy.

Halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparyny amala aşyrandygy bellenildi. Bu döwürde döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparlary, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy üçin, degişlilikde, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna iş saparlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyz Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldiler. Sammitiň çäklerinde birnäçe ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar boldy. Iýun aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.

Häzirki wagtda möhüm halkara çärelere taýýarlyk görmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Türkmenistan abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy depginli ösdürýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýunynda ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Şeýle-de 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilendigi bellenildi.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. 12-nji maýda Aşgabat şäherinde ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi möhüm waka boldy. Hasabat döwründe jemi 126 sany wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistandan daşary ýurtlara 199 sany wekiliýet ugradyldy. Göni wideoaragatnaşyk arkaly 1 müň 187 sany dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi. Ýylyň dowamynda 97 sany halkara resminama gol çekildi. Daşary syýasy edaralaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli esasda geçirilýär.

Şeýle-de daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 23-nji fewralynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama “goşulyşýan döwlet” (işjeň synçy) derejesine eýe bolandygy bellenildi. Şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. Şeýle-de hasabat döwründe bilelikdäki hökümetara toparlaryň we beýleki ugurdaş düzümleriň çäklerinde yzygiderli işler amala aşyryldy. Ýanwar — sentýabr aýlarynda bu ugurda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, dünýäniň beýleki sebitlerindäki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Şu ýyl daşary ýurtlara amala aşyrylan ýokary derejedäki saparlaryň we daşary ýurt ýolbaşçylarynyň Türkmenistana guralan saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, 2023-nji ýylda boljak saparlara hem-de halkara derejedäki çärelere, Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmäge taýýarlyk görmegiň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew täze taryhy döwrüň wezipelerini nazarda tutup, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada maglumat berdi. Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 3 mejlisi geçirilip, olarda dürli pudaklaryň ösüşine degişli birnäçe kanunçylyk namalary makullanyldy. Bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek babatda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy welaýatlar boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, adamlaryň durmuş we zähmet şertleri bilen gyzyklandy, sebitleri ösdürmek, ýerlerde işleriňdir hyzmatlaryň hilini hem-de netijeliligini gowulandyrmak boýunça gymmatly maslahatlaryny we tekliplerini berdi, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça täze wezipeleri kesgitledi.

Hormatly Arkadagymyz ýaşlar bilen yzygiderli duşuşdy, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny boýunça pikirleri we teklipleri öwrendi, milli parlamentde täze başlangyçlary öňe sürdi. Bu resminamanyň rejelenen görnüşi döwletiň ýaşlar hakyndaky aladalarynyň aýdyň subutnamasy bolup, ýaşlaryň ertirki güne bolan ynamyny artdyrýar.

Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, parlament diplomatiýasynyň netijeli gurallaryny we usullaryny ösdürmäge, dostlukly ýurtlaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga uly ähmiýet berilýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň 25-nji sentýabry — 1-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyryp, onuň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy hem-de Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyklary geçirdi. Hormatly Arkadagymyz parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş edip, parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmegi hem-de özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemegi, şol sanda ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklaryny döretmek we netijeli ulanmak, parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak we durnukly ösüşe ýardam bermek boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemegi teklip etdi.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Türkmen-ýapon dostluk toparynyň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” görnüşdäki dialogynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de bu ugurda bilelikdäki çäreleri yzygiderli esasda geçirmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi. Bu teklipleriň ýapon tarapyndan goldanylmagy iki dostlukly ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze hil derejesinde ösdürmäge ygrarlydygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi.

Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirilip, munuň özi şeýle düzümde parlament gatnaşyklaryň täze we netijeli görnüşiniň emele gelmegine ýardam etdi.

Halk Maslahatynyň agzalary daşary ýurtlarda saparda bolup, sebit we halkara ähmiýetli parlamentara duşuşyklara gatnaşdylar, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşdylar.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi. Mejlis tarapyndan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen degişli işler geçirildi. Bu döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, şolaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 38-si we Mejlisiň kararlarynyň 21-si kabul edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin has oňaýly hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilen, şeýle-de ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri esasynda, watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge ýardam edýän “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekildi.

Döwlet Maslahatynda kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan hukuk özgertmelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanun taslamalarynyň üstünde işlemek dowam etdirilýär.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, Mejlisde duşuşyklaryň 24-si geçirildi. Deputatlar degişli ministrlikler tarapyndan halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meselelerine degişli guralan 100-den gowrak okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Şolaryň 54-si sanly ulgam arkaly geçirildi. Mejlisiň wekilleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi. Dialogyň çäklerinde halkara derejedäki çäreleriň 9-sy guraldy.

Mejlisiň deputatlary Halk Maslahatynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary bilen bilelikde jemgyýetçilik-syýasy çärelerini hem-de wagyz işlerini geçirip, ilata mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen Döwlet Maslahatynyň we onda kabul edilen çözgütleriň taryhy ähmiýetini düşündirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Bu işler döwletimiziň syýasy ulgamyny gowulandyrmakda, ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmakda nobatdaky ädime öwrüler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini belledi. Jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 40 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 20 milliard manatdan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim artdy.

Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipelere ünsi çekip, şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmeleriň yhlas bilen işlemelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak babatda çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de ilkinji nobatda, geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça ýene-de maslahat geçirmek we onuň ähli maddalaryna garamak barada görkezme berildi.

Hormatly Prezidentimiz gürrüňi dowam edip: “Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyny giňden belleýäris” diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleriniň, aýratyn-da, häzirki döwürde örän uly hormata mynasypdygyny nygtap, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ähli işgärlerini bu ajaýyp hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekendigini hem habar berdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna gabatlap, Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 14-nji jildini ýazyp tamamlady. Size bu kitaby Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soň gowşurarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)

https://tdh.gov.tm/tk/post/33200/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-ginisleyin-mejlisi-14


“Täjirçilik banklaryň maliýe bazaryndaky orny” atly ylmy-amaly maslahat

2022-nji ýylyň 2-nji  noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň milli pulunyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli “Täjirçilik banklaryň maliýe bazaryndaky orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Türkmenbaşy paýdarlar täjirçilik bankynyň, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň alym professor-mugallymlary, Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary, mugallymlary we diňleýjileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow ähli maslahata gatnaşyjylary şanly sene bilen gutlady we maslahatyň netijeli geçmegini arzuw edip, ylmy-amaly maslahaty açyk diýip yglan etdi.

Ýygnakdaky çykyşlaryň mazmunynda hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň öňünde goýýan strategiki wezipelerini ýerine ýetirmekligiň, pul-karz syýasatynyň berjaý edilmeginiň bank ulgamynyň we maliýe bazarynyň durnukly hem-de sazlaşykly işlemegine bagly bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem geçiş döwründe banklaryň ýurduň maliýe bazarynyň jümmüşinde netijeli işlemegi ýurduň maliýe durnuklylygyna, hümmetsizlenmegiň peselmegine we milli walýutanyň hümmetiniň berkemeginde uly işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellenildi.

Bank hünärmenleri öz çykyşlarynda bank ulgamynda geçirilýän giň gerimli guramaçylyk we institusional özgertmeler, täzeçillikler barada habar berdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet täjirçilik banklaryny paýdarlaşdyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bankyň wekilleri täjirçilik banklaryň paýdarlar jemgyýetine geçirilmeginiň maksatlary we guramaçylyk artykmaçlyklary barada hem belläp geçdiler.

Döwletimizde maliýe sagdynlygy üpjün etmekde milli pul birligiň hümmetini we onuň durnuklylygyny saklamak wezipesi örän wajypdygy barada hem bellenilip geçildi. Bazar ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we jemgyýetçilik önümçiligiň üznüksizligini üpjün etmekde täjirçilik banklaryň wezipesiniň ähmiýetiniň örän uludygyny buýsanç bilen aýtdylar.

Gymmatly kagyzlar bazarynyň işjeňleşmegi banklaryň maliýe resurslary maýalaýyn gaýtadan ýerleşdirmekde işleriniň gerimi has giňelýär. Häzirki döwürde milli bank ulgamynyň bazar hojalygyna hyzmat etmekde ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Müşderilerde gymmatly kagyzlara maýa goýmakda höwes we ynam döretmek örän wajypdygy barada hem giňişleýin bellenip geçildi.

Akademiýanyň we ýokary okuw mekdepleriniň alym professor-mugallymlary milli puluň durnuklylygynyň ykdysady ösüşlerini üpjün etmekdäki ähmiýeti barada, sanly bank hyzmatlarynyň ösüşiniň milli we dünýä tejribesi, puluň konwertirlenmek derejeleri barada çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahatyň soňunda gatnaşyjylar bilen sorag-jogap alyşyldy.

Maslahatyň soňunda Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow maslahatyň täsirli we peýdaly geçendigini belläp, ähli gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi hem-de Milli ykdysadyýetimizi ösen döwletleriň derejesine ýetirmekde, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny berkitmekde we kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýdyp, jan saglyk, uzak ömür, işlerinde hemişe üstünlik gazanmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi. Şeýle hem ýurdymyzyň ykdysady ösüşini halkara giňişligindäki abraýyny belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we hem döwletli tutumlarynyň mundan beýläkde üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.


«Sagdyn durmuş ýörelgesi we işjeň hereket» atly maslahat geçirildi

2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi we işjeň hereket» atly maslahat geçirildi.

Maslahata akademiýanyň mugallymlary we diňleýjileri, Aşgabat şäherindäki saglyk öýleriniň maşgala lukmanlary, edara-kärhanalaryň ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary, ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgesini we işjeň hereketi wagyz etmekden ybarat. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hakykatdan-da, Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk binýady goýuldy. Häzirki döwürde şol asylly ýörelgeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Maslahatda çykyş edenler sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassa howada gezelenç etmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, işjeň hereketde bolmagyň ähmiýeti hem-de möhümligi hakynda aýratyn nygtadylar.

Maslahata gatnaşanlar halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021