2022/2023-nji okuw ýyly üçin magistr bilim maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:


5.37.04.24   sanly dolandyryş, okuwyň möhleti – 1 ýyl; (Kär häsiýetnamasy)

5.39.04.04   konstitusiýa hukugy, okuwyň möhleti – 1,5 ýyl; (Kär häsiýetnamasy)
 
5.37.04.25   döwlet dolandyryş, okuwyň möhleti – 2 ýyl. (Kär häsiýetnamasy)

 
Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Akademiýa taýýarlygyň «Sanly dolandyryş» ugry boýunça kompýuter tehnologiýalary, ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk, taýýarlygyň «Döwlet dolandyryşy» ugry boýunça ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk, taýýarlygyň «Konstitusiýa hukugy» ugry boýunça hukuk çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 12–26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Akademiýanyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada (Aşgabat ş.) 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 2–3-ine geçirilýär.
Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:
taýýarlygyň ugry: «Sanly dolandyryş» – kompýuter sowatlylygy, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;
taýýarlygyň ugry: «Döwlet dolandyryşy» – jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;
taýýarlygyň ugry: «Konstitusiýa hukugy» – jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary.
Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112.
Telefon belgileri: 49-84-76, 49-88-46.

2022/2023-nji okuw ýylyna diňleýjileri kabul etmegiň tertibi

 

  1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna dalaşgärleri seçip almak Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Düzgünnamasy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna okuwa kabul etmegiň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.
  2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy 2022/2023-nji okuw ýylynda döwlet sargydy boýunça okuwlaryň şu aşakdaky ugurlaryna diňleýjileri kabul edýär:
  • Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwlary (okuwyň möhleti iki okuw ýyly);
  • Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlary (okuwyň möhleti bäş aý);
  • Täjirçilik arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlary (okuwyň möhleti dört aý);
  • Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlary (okuwyň möhleti iki aý).
  1. Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýralamak okuwlaryna (okuwyň möhleti iki okuw ýyly) azyndan bäş ýyl iş tejribesi bolan, ýaşy kyrkdan ýokary bolmadyk, ýokary bilimli döwlet gullukçylary geçirilýän giriş synaglaryň netijeleri boýunça bäşleşik esasynda kabul edilýär. Okuwa kabul edilen diňleýjiler esasy işinden boşadylyp, akademiýanyň garamagyna iberilýär we olara diňleýji haky tölenýär. Bu okuwlary üstünlikli tamamlan diňleýjilere hukukçy-menejer hünäri boýunça bellenilen döwlet nusgasyndaky ikinji ýokary bilim baradaky diplom berilýär. Bu okuwy üstünlikli tamamlan uçurumlar degişliligi boýunça olary okuwa ýollan ministrlige, pudak edarasyna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimligine iş bilen üpjün etmek üçin ugradylýar.
  2. Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak (okuwyň möhleti bäş aý); Täjirçilik arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak (okuwyň möhleti dört aý); Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak (okuwyň möhleti iki aý) okuwlarynda diňleýjileriň hünär bilimlerini we başarnyklaryny häzirki zaman bilimleri bilen artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu okuwlarda işgäriň ortaça zähmet hakyny we wezipesini saklamak bilen, azyndan iki ýyl iş tejribesi we ýokary bilimi bolan döwlet gullukçylary iş saparyna ibermek tertibinde okadylýar. Okuwy üstünlikli tamamlan diňleýjilere bellenen döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.
  3. Döwlet gullugy akademiýasynda guralýan okuwlara ministrlikler, pudak edaralary, Aşgabat şäher we welaýat häkimlikleri, olar üçin kesgitlenen her bir ýere döwlet gullukçylarynyň azyndan ikisini hödürleýärler.
  4. Akademiýa bellenen ugurlar boýunça dalaşgärler bilen giriş synaglaryny guraýar. Synaglar Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary we ykdysady nazaryýet boýunça geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112.
Telefon belgileri: 49-84-76, 49-88-46.
Image
Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ähli ugurlarda we
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021