Akademiýada okuwlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen diňleýjiler, talayplar üçin dürli çäreler geçirilýär. Ýagny döwlet dolandyryş meselelerine, bazar usullarynyň ulanylyşyna degişli täzelikler barada habar bermek üçin ministrlikleriň, guramalaryň, Türkmenistanyň paýdarlar-täjirçilik banklarynyň hünärmenleri diňleýjiler, talyplar üçin niýetlenen okuwlaryň geçirilişine gatnaşdyrylýar. Şeýle-de ýurdumyzyň banklarynda we degişli döwlet edaralarynda okuw sapaklar geçirilýär, diňleýjiler, talyplar amaly maksatnamalaryň düzülişine, ylmy bäsleşiklere gatnaşýarlar, beýleki ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy edaralarynda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarynda çykyş edýärler. Akademiýanyň professor-mugallymlarynyň maslahat bermegi esasynda  diňleýjiler, talyplar tarapyndan Türkmenistanyň döwlet we raýat hukugy, içeri we daşary syýasaty, ykdysady-gumanitar we durmuş-medeni ösüş temalary boýunça degişlilikde gutardyş, ýyllyk we diplom işleri ýazylýar. Okadylýan dersler boýunça sapaklar umumy we amaly görnüşde geçirilýär. Amaly sapaklarda diňleýjiler, talaplar bellenen temalar boýunça çykyş edýärler we olar bilen pikir alyşylýar hem-de sorag-jogap usullary ulanylýar.

Işewür daşary ýurt (iňlis) dilini çuňňur özleşdirmek üçin diňleýjilere, talyplara edebiýatlaryň sanawy, audio-wideo okuw materiallary, şol sanda akademiýada taýýarlanylan maglumatlar hödürlenýär. Kompýuter sowatlylygy boýunça geçirilýän sapaklaryň dowamynda dürli programalarda işlemeklik, internet multimediýa serişdelerini peýdalanmagyň usullary, maglumatlaryň sanly ulgama geçirilişiniň ähmiýeti babatdaky meseleler öwredilýär.

Ähli ugurlar boýunça okuwlar her ýylyň 1-nji sentýabrynda başlanýar. Okuw sapaklary aşakdaky tertibe laýyklykda geçirilýär:

   1-nji çalşyk

Sapaklaryň sany
Sagat sany
Başlanýan wagty
Tamamlanýan wagty

Arakesme


I
1-2
08:30
09:50
10 minut
II
3-4
10:00
11:20
20 minut
III
5-6
11:40
13:00
10 minut
IV
7-8
13:10
14:30
10 minut 

   2-nji çalşyk

Sapaklaryň sany
Sagat sany
Başlanýan wagty
Tamamlanýan wagty
Arakesme
I
1-2
13:10
14:30
10 minut
II
3-4
14:40
16:00
10 minut
III
5-6
16:10
17:30
10 minut
IV
7-8
17:40
19:00
 
Image
2022-nji ýylyň 2-nji  noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2021