Döwlet we halkara hukugy kafedrasy

Döwlet we halkara hukugy kafedrasynyň professor-mugallymlary hormatly Prezidentimiziň döwleti ösdürmek boýunça işlenilip düzülen maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişine, Akademiýanyň 2023-2025-nji ýyllar üçin “Ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryň dolandyryş işiniň kämilleşdirilmeginiň esasy ugurlary” atly ylmy-barlag işiniň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşýar. Professor-mugallymlar okuw maksatnamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy, Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy, döwletiň we hukugyň nazaryýeti, jenaýat hukugy, halkara hukugy, ýerli häkimiýet hukugy we başga-da birnäçe dersler boýunça okuw sapaklaryny okadýarlar. Professor-mugallymlaryň hünärini yzygiderli kämilleşdirmek, tejribelerini artdyrmak we okuwlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň hukukçylary we bilermenleri bilen duşuşyklar, “tegelek stollar” we ylmy-amaly maslahatlar gurnalýar. Diňleýjileriň ýyllyk we gutardyş işleri, talyplaryň magistrlik işleri boýunça berkidilen temalaryň kämil derejede özleşdirilmegine professor-mugallymlar tarapyndan ýardam berilýär, degişli pudaklarda okuw-tejribe sapaklary gurnalýar, olar gaýtadan taýýarlanylýar we hünär derejeleri ýokarlandyrylýar. Şeýle-de Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we merkezi edaralarynda degişli hukuk maslahatlary berilýär, döwlet gullukçylaryň we wezipeli adamlaryň  hukuk sowatlylygy, hukuk medeniýeti, aňyýeti ösdürilýär, döwlet dolandyryşyna degişli wezipeler amala aşyrylanda milli kanunçylygy we hukugy ýokary derejede peýdalanyp bilmekleri gazanylýar. Mundan başga-da Türkmenistanda döwlet dolandyryş meselesi bolan ykdysadyýet, sosial-medeni, hem-de administratiw-syýasy ugurlary dolandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere döwlet gullukçylary öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryna ýardam berilýär. Her bir mugallym yzygiderli we üznüksiz öz wezipe borjy bilen baglanyşykly akademiýanyň çägindäki we onuň daşyndaky oňaýly tejribeleri öwrenýär we durmuşa ornaşdyrýar.
Bu kafedrada Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak (okuwyň möhleti 2 aý), Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň täjirçilik arbitražy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak (okuwyň möhleti 4 aý), Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak (okuwyň möhleti 5 aý), Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak (okuwyň möhleti 2 okuw ýyly), Magistrleri taýýarlamak okuwlarynyň “Konstitusiýa hukugy” (okuwyň möhlet 1,5 ýyl), “Administratiw hukugy” (okuwyň möhlet 1 ýyl) ugurlary boýunça okuw geçirilýär.
Okadylýan dersler:
Döwlet sargydy boýunça:

  1. Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy
  2. Administratiw hukugy
  3. Administratiw önümçilik hukugy
  4. Ýerli häkimiýet hukugy
  5. Jenaýat hukugy
  6. Maliýe we bank hukugy
  7. Halkara hukugy
  8. Döwletiň we hukugyň nazaryýeti
  9. Hukuk namalary hakynda Türkmenistanyň kanuny
  10. Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kanunçylyk
  11. Administratiw önümçilik kanunçylygy
  12. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hukuk esaslary
  13. Hukuk namalary hakynda Türkmenistanyň kanuny we Kanun çykaryjylyk işiniň tehnikasy
  14. Administratiw önümçilik we Administratiw iş ýöredişi

Magistr taýýarlygy boýunça:

  1. Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy
  2. Döwletiň we hukugyň nazaryýeti
  3. Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy
  4. Hukugyň filosofiýasy
  5. Daşary ýurt döwletleriniň konstitusiýa hukugy
  6. Halkara hukugy
  7. Jenaýat hukugy
  8. Sanly dolandyryşyň hukuk üpjünçiligi
  9. Maliýe hukugy
  10. Ykdysady hukuk
  11. Administratiw hukugy
  12. Administratiw önümçilik hukugy
  13. Ýerli häkimiýet hukugy
  14. Ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy
  15. Deňeşdirme hukugy
  16. Ylmy-barlag usullary
  17. Ylmy-barlag seminary
  18. Maglumat hukugy
  19. Administratiw önümçiligi
  20. Administratiw jogapkärçiligi
  21. Daşary ýurt döwletleriniň administratiw hukugy
  22. Maliýe we salgyt hukugy
  23. Iş önümçiliginiň hukuk esaslary
Dersleriň beýany:
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.