“Kim-de-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar”

Günbe-günden dünýä derejesindäki ählitaraplaýyn ykrary bilen gülläp ösýän Diýarymyz Arkadagly Serdarymyzyň beýik göreldesi, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyç goýan beýik işlerine esaslanyp, günsaýyn öňe barýar. Bu gün sagdyn durmuş ýörelgesi, sagdyn genefond, sagdyn ruh ýaly kadalar nesillerimiziň esasy daýanjyna öwrüldi. Bu beýik maksatlaryň we ägirt işleriň özeninde bolsa, umumadamzat gymmatlygy bolan tebigaty aýawly saklamak babatyndaky tagallalar bardyr.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ekologiýa syýasaty häzirkizaman durmuşyň iň esasy syýasatyna öwrülýär. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda bütin dünýäniň ekologik meselelerini çözmeklige işjeň gatnaşýan döwlet hökmündäki ornuny barha berkidýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen BMG-niň belent münberinden bu ugurdan edilen teklipler giň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňlanylýar we goldanýar.

Tebigata aýawly seretmek, ondan ýerlikli peýdalanmak bolsa biziň öňümizde durýan mukaddes borçlaryň biri bolup durýar. Bu mukaddeslik adamyň aňyna ýaşlykdan guýulmaly. Ynsan öz neslinde, ilkinji nobatda, tebigata bolan söýgini döretmeli. Nesilden-nesle “Çagalarymyza tebigaty aýawly saklamagy, ondan ýerlikli peýdalanmagy öwretmeli” diýlen öwüt-ündew halkymyzyň ebedi ýörelgesidir.

Ine,  şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyzdan galan beýik ýörelgä esaslanylyp, häzirki wagtda bedew batly depginler bilen ösýän, özgerýän Diýarymyzda ýaş nesillerimiz zähmete, tebigata, arassa ekologiýa bolan söýgi bilen terbiýelemeklik baş maksatlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda bize nusgawy görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz bar. Bu gün eziz Arkadagymyzyň goýýan nusgalyk göreldesi diňe bir öz ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsemde bolsa, bütin dünýäde hem umumadamzat derejesindäki beýik tutumlar hökmünde ykrar edilýär. Türkmenistan ata Watanymyz öz milli ýol-ýörelgesine esaslanýan beýik-beýik umumadamzat bähbitli teklipleri bilen dünýäniň iň abraýly münberinden seslenýär.

Hormatly Arkadagymyz BMG-niň çäklerinde ekologiýa meseleleri boýunça hem birnäçe halkara konwensiýalarynyň agzasy hökmünde çykyş edýän ata ýurdumyzy giň dünýä tanatdy. Bu gün biziň Watanymyz dünýäniň ýüzünde arassa tebigy şertleri bilen tapawutlanýan, ýaşamak üçin iň oňaýly döwletleriň hatarynda durýar. Ýurdumuzyň bu guwandyryjy üstünligi bolsa, elbetde ýaş nesillere berilýän bilimiň, ylmyň, öwredilýän medeniýetiň ýokary netijeliligi bilen gazanylýar. Bu baky aýdyň ýoly dowamata-dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň gadymy ata-babalarymyzyň ýere aýawly garamak, topragy, suwy gymmatly hazyna hökmünde ulanmak we nesillere geçirmek babatyndaky bahasyz tagallasy bolsa, biziň esasy ylham çeşmämizdir.

“Kim-de-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar” diýen dana jümläni durmuş mekdebine öwren halkymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen bag ekmek çäreleri hem her ýylda yzygiderli döwlet derejesindäki çäre hökmünde dabara bilen geçirilýär. Bu çäreleriň netijesinde bu gün ata ýurdumyz bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwrülýär. Ýaňy-ýakynda, has dogrusy, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabaralaryna gatnaşdylar. Aýdym-saza, hoş owaza beslenip ýurdumyzyň tutuş çäklerini gurşap alan bu dabara halkymyzda belent ruhubelentlik duýgusyny oýardy.

Bilşimiz ýaly, şol gün Akademiýanyň agzybir professor-mugallymlarynyň, diňleýjidir talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy Akademiýasynda hem ozalky oturdylan baglara ideg etmek, agaç nahallaryny oturtmak bilen bagly ýowar gurnaldy. Arassa howanyň, tebigat bilen zähmetiň sazlaşygy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ak ýolunyň beýik waspnamasy bolup geçirilýän ählihalk bag ekilşik çäresine tüýs ýürekden goşulan Döwlet gullugy Akademiýasynyň agzybir professor-mugallymlary, diňleýjidir talyplary hem bagy-bossan ýurdumyzyň gözelligine mynasyp goşantlaryny goşdular.

Hut ertirki nesillerimiziň arassa tebigaty miras almaklary üçin paýhasly ýoly saýlap alan hormatly Prezidentimize bolsa halkymyzyň alkyşlary çäksizdir. Alkyşlynyň bolsa hemişe işleri rowaç bolýar!

Goý, ata Watanymyzy, ene topragymyzy eşretler mekanyna öwren eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2023 Ähli hukuklar goralan.