Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça elektron sözlük işlenip taýýarlandy

Sanly ykdysadyýete geçmek Türkmenistanyň durnukly ösüşinde ähmiýetli ugur bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy halkara guramalary bilen bilelikde döwlet dolandyryş ulgamy üçin dünýä derejesindäki sanly çözgütleri tizleşdirmek maksady bilen, ýurduň döwlet edaralarynda sanly torlary ösdürmek üçin hünärmenleriň potensialyny ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp barýar.

Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentligi (USAID) bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji üç dilde düzülen sözlügi bilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ykjam goşundysyny işe girizdi. IT Sözlük atly bu täze goşundyny App Store we Google Play arkaly ýükläp alyp bolýar. Iňlis-rus-türkmen sözlügi degişli hünärmenler we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň türkmen dilindäki adalgalary bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin niýetlenendir.

Sözlük maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň esasy adalgalarynyň gysga we anyk kesgitlemelerini hödürleýär. Döwlet gullugy akademiýasy geljekde bu goşundynyň täze adalgalar bilen yzygiderli üstüni ýetirip sanly platformany giňelder we oňa ykdysady we tebigaty goramak boýunça sözlükleri girizer.

Döwlet gullugy akademiýasynyň we ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentligi bilen bilelikdäki işi Türkmenistanyň strategik ösüş maksatnamalaryna laýyklykda sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär. USAID bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde geljekde ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça bölümleriniň hünärmenleri üçin gysga möhletli hünär ýokarlandyryş okuw kurslaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu hyzmatdaşlyk akademiýanyň sanly dolandyryş ugry boýunça talyplaryny we döwlet gullukçylaryny öňdebaryjy halkara tejribe bilen we ýokary hilli habar beriji materiallar bilen tanyşdyrar, şeýle hem Türkmenistanda döwlet gullugynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2023 Ähli hukuklar goralan.