2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda professor-mugallymlaryň, diňleýjileriň we myhmanlaryň gatnaşmagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk taglymaty» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory Ýagmyr Nuryýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, professor Atajan Burunow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşiniň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri Araphan Erniýazow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr fakultetiniň IV ýyl talyby Kerim Hallyýew çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy we halkara hyzmatdaşlygyň ösüş ugurlary, dünýä syýasatynda türkmen Bitaraplygynyň orny dogrusynda gürrüň etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent mertebeli Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda uly ösüşlere eýe bolýan eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen bu ylmy-amaly maslahat örän täsirli we gyzykly boldy. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň “açyk gapylar” syýasatynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýarlygynyň, oňyn dünýä tejribesini kabul etmeginiň, sebit hem-de dünýä meselelerini çözmekde parahatçylyk söýüjilikli çemeleşmeginiň Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm şertleri bolup çykyş edýändigini bellediler. Çykyşlar maslahata gatnaşan professor-mugallymlarda, diňleýjilerde we myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy soňky ýyllarda has-da belent derejelere çykýar, işjeň häsiýete eýe bolýar. Ajaýyp taryhy sene – hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýy merdana ata-babalarymyzyň parahatçylykly durmuş, agzybir ýaşaýyş baradaky asyrlar boýy ýüreklerinde beslän arzuw-islegleriniň hasyl bolan günüdir.
Maslahata gatnaşyjylar Arkadagly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.