Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň okuw maslahaty

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Merkezi Aziýada hukuk döwletini goldamak» atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan «Türkmenistanyň täze administratiw hukugy» atly tema boýunça okuw maslahaty geçirildi. Çärä akademiýanyň hukuk derslerinden sapak berýän mugallymlary we magistr bilim maksatnamasynyň Konstitusiýa hukugy ugry boýunça okaýan talyplary gatnaşdylar.

Okuwyň maksady Administratiw önümçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrmakdan ybarat. Maslahatda sebitleýin taslamanyň ýolbaşçysy, Germaniýanyň Berlin şäheriniň Administratiw kazyýetiniň kazysy Ýorg Pudelka we sebitleýin taslamanyň Gazagystandaky milli utgaşdyryjysy Almat Gabbasow degişli temalar boýunça çykyş etdiler.

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslary, ýörelgeleri we önümçilik düzgünleri, Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksinde döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan iş ýörediş ýörelgeler we düzgünler, daşary ýurt tejribesi hakynda çykyşlar diňlenildi.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda kanun çykaryjylyk ulgamynda hem-de kanunlary ulanmak tejribesinde bitewi döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler oňyn netijelerini berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli hukuk binýady kämilleşdirilýär, ol halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirilýär. Hereket edýän kanunçylygy seljermegiň esasynda täze döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenilip taýýarlanylýar.

Okuw maslahatynyň dowamynda sorag-jogap arkaly özara pikir alyşmak özüniň täsirliligi we ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Mahlasy halkara bilermenleriň gatnaşmagynda guralan çäräniň mugallymlaryň we talyplaryň arasynda Administratiw önümçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň many-mazmunyny düşündirmekde, administratiw işi guramagyň hem-de dolandyrmagyň esaslarynyň innowasion usullaryny özleşdirmekde, hukuk çygrynda işgärleriň hünär babatdaky ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde ähmiýeti bellenmäge mynasypdyr.

Geçirilen okuw maslahaty adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň üpjün edilmegine hem-de kanunyň hökmürowanlygyna gönükdirilen Administratiw önümçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy barada talyp ýaşlaryň bilimini artdyrmakda netijeliligi bilen tapawutlandy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.