Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň we raýatyň hukuklarynyň kepillendirilişi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Akademiýanyň mugallymlary, diňleýjileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we myhmanlar gatnaşdylar.

Maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy – şahsyýetiň kämilliginiň hukuk binýady», «Ýaşlaryň zähmet we telekeçilik hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri», «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – döwletliligiň nyşany», «Ýerli öz-özüňi dolandyryşyň konstitusion-hukuk esaslarynyň kämilleşdirilişi», «Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýaşlaryň syýasy hukuklarynyň şöhlelendirilişi», «Adam hukuklary baradaky kanunçylygyň ösüşi», «Raýat jemgyýetini gurmakda ahlak kadalarynyň ähmiýeti», «Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragynyň milli we halkara-hukuk esaslary», «Adam hukuklarynyň konstitusion esaslary», «Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserinde milli döwlet dolandyrylyşynyň şöhlelendirilişi», «Eýeçilik hukugynyň konstitusion kepillendirmeleri», «Ýaşlaryň durmuş hukuklary», «Türkmenistanyň raýatlarynyň zähmet çekmäge we dynç almaga bolan konstitusion hukuklary», «Döwlet Baýdagynyň ýaşlary terbiýelemeginiň ähmiýeti», «Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň kanunçylyk esaslary», «Döwlet baýdagynyň konstitusion esaslary» atly temalar boýunça çykyşlar diňlenildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler raýatlaryň kanuny bähbitlerini halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goramagyň Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 – 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 – 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň», şeýle hem BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde amala aşyrylýan beýleki maksatnamalardyr taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» adam hukuklaryny üpjün etmegiň we raýat jemgyýetini ösdürmegiň wajyp şerti hökmünde adam maýasynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Döwlet edaralarynyň bu babatda geçirýän işleriniň kämilleşdirilmegi, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi, kiçi we orta telekeçiligiň höweslendirilmegi, hususy pudakda iş bilen üpjünçiligiň giňeldilmegi ilatyň intellektual kuwwatyny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine, olaryň watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk, raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde ilatyň hukuk bilim derejesini ýokarlandyrmak, hukuk maglumatlaryna elýeterliligi giňeltmek meselelerine uly üns berilýändigi nygtaldy.

Çykyş edenler halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan edip, uzak ömür, berk jan saglygyny, döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.