Türkmenistanyň energetika ulgamy – gelejegiň aýdyň kepili

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen parasatly ýörelge bilen, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda türkmen halky durmuşyň, medeniýetiň we ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyp, buýsançly öňe barýar.

Türkmenistanyň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmak, olary senagat taýdan  gaýtadan işlemekde toplumlaýyn özleşdirmek bilen ykdysadyýetiň ähli ugurlary depginli ösüşlere eýe bolýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynyň” esasy maksadynda:“... - milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, institutsional özgertmeleri, sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çuňlaşdyrmak, bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek” ýaly beýik maksatlar goýulýar.Bu maksatlara ýetmekde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, ýurduň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmakda we beýleki ugurlarda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde örän wajyp we uly işler alnyp barylýar.

“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi we ösen tehnologiýalary ulanmak arkaly üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2015-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň” we “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalarynyň” kabul edilmegi ýurduň önümçiligini oňyn guramak, öndürilen taýýar önümleri dünýä bazarlaryna amatly nyrhlar bilen ýerlemek bilen bir hatarda  Türkmenistanyň bazar şertlerinde  bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, halkara bazarlara  amatly şertlerde girmäge uly mümkinçilikler döretmek bilen bir hatarda türkmen halkynyň mundan beýläk-de ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrmagyna şert döreder.

Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň iň möhüm ugurlarynyň biri-de uglewodorod serişdelerini eksport etmek bolup durýar. Beýik Britaniýanyň “Gaffney Сline & Assoсiates” iňlis şereketiniň hünärmenleri tarapyndan 2012-nji ýylda geçirilen garaşsyz halkara auditiniň netijesine görä, tebigy gazyň “Galkynyş” gaz ýatagynyň kuwwaty 26,2 trillion kubometr bolup, Eýranyň we Kataryň serhet ýakasyndaky ýerleşen kuwwaty 28,3 trillion kubometre barabar bolan “Günorta Pars” ýatagyndan soňra, bir ojakdan tebigy gazyň çykýan möçberi boýunça, dünýäde ikinji orunda durýar. Dünýä ýurtlarynyň arasynda umumy gazyň möçberi boýunça Türkmenistanyň 4-nji orunda bolmagy bolsa, türkmen halky üçin hakyky sowgada öwrüldi. Aýratyn-da, ilkinji energiýanyň görnüşlerini ulanmakda gazyň atmosfera goýberýän kömürturşy gazynyň mukdary boýunça kömürden bäş, nebit önümlerinden üç esse azdyr. Bu görkeziji gelejekde Türkmenistanyň we umumadamzat ekologiýa görkezijilerini gowulandyrmakda wajyp orny bardyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ilatly nokatlarynyň doly gaz bilen üpjün edilmegi bolsa, daşky gurşawy goramakda, ekologiýa ýagdaýlary has gowulandyrmakda, biodürliligi saklamakda, çölleşmäge garşy göreşde ähmiýeti örän uludyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýola goýlan, suwuklandyrylan gazyň öndürilmegi, tebigy gazyň arassalanyp daşarky bazarlara iberilmegi, dünýäde ilkinji gazdan benzin alynýan zawodyň we iri himiýa toplumynda gazdan plastmas önümlerini alýan zawodyň gurulmagy ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmekde, ýurduň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda ilatyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläkde gowulandyrmaga uly mümkinçilikler döredýär. Mundan başga-da, GDA döwletleriniň arasynda ilkinji bolup 1995-nji ýylda etilsiz benziniň (düzüminde etili bar bolan benzinleriň howany hapalaýjylygy has ýokary bolup, zäherli maddalary hem-de agyr metallary köp bolmagy sebäpli, ekologiýa taýdan amatsyz hasaplanylýar) önümçiliginiň ornaşdyrmagy bolsa ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Jemläp aýdanymyzda, ýokarda agzalan meseleler ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmekde wajyp orun tutýar.

”Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy“ boýunça ýangyç-energetika toplumy ileri tutulyp ösdürilýän toplumlaryň hatarynda durýar. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini, tebigy gazdan alynýan önümleriň daşary ýurtlara eksport etmegi artdyrmagyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty hem barha ýokarlanýar

Türkmenistan Halkara Energetika Hartiýasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. 2016-njy ýylyň noýabr aýynyň 25-26-sy aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda Türkmenistan 2017-nji ýyldaky Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyga saýlanylmagy, 2017-nji ýylda Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Aşgabat forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň abraýyny halkara derejede has-da ýokary galmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan dünýä derejesinde energiýa örän baý döwletleriň hataryna girýär. Aýratyn-da tebigy gazyň gorlaryna has baý döwletleriň hatarynda bolmak bilen, tebigy gazy gazyp almak, gaýtadan işlemek we daşary ýurtlara çykarmak boýunça wajyp orun tutýar. Bu babatda, aşakdaky şekilde görnüşi ýyly Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Energetika barlaglar institutynyň bilermenleriniň çaklamasy boýunça Türkmenistan arassa tebigy gazy daşary ýurtlara çykarmak boýunça 1990-2040-njy ýyllar aralykda öňde baryjy döwletleriň hatarynda durýar [1].

Ýurtlar boýunça dünýäde arassa tebigy gazyň eksporty, mlrd. kub.m.

Bütindünýä energiýa üpjünçilik ulgamynyň esasy emele getirijileriniň biri hökmünde, Türkmenistan çykyş edýär.

Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iri hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýagny nebitgaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan-Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berlen wagtyndan bäri 350 milliard kubometrden gowrak tebigy gazyň iberilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň çäklerinde «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegiň ikinji tapgyryny, «Türkmenistan-Hytaý» gaz geçirijisiniň D ulgamynyň gurluşygyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa ─ Hytaý» sammitinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýä syýasatynyň häzirki ýagdaýlaryny nazara alyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygynyň täsirli usullaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürdi. Ýagny, «Her bir ýurduň ykdysady kuwwatyny we logistik mümkinçiligini peýdalanmak, senagat kooperasiýasynyň, energetika we ulag ulgamlarynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň netijeli ulgamyny döretmek arkaly daşary ykdysady gatnaşyklary birsyhly giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär diýip hasap edýärin» diýmek bilen, döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýangyç-energetika pudagyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň sebitiň üstaşyr geçiriji ýurtlaryna Hytaýyň bazaryna energiýa serişdelerini çykarmak üçin mümkinçilik berendigine ünsi çekip, taraplar gyzyklanan halatynda, ýurdumyzyň türkmen tebigy gazyny, hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmek barada-da garaýyşlaryny mälim etdi. Hususan-da, alty ýurduň halklarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de giňeltmegiň möhümdigi baradaky pikiri ösdürmek bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyny guramak hem-de ony şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde geçirmek baradaky teklipleri aýratyn bellärliklidir.

Netijede, ýokarda aýdylanlar Türkmenistanyň ykdysady taýdan ýokary depginli ösüşine we bütin dünýäde syýasy abraýynyň has-da ýokarlanýandygynyň subutnamasy bolup, öz aýdyň beýanyny tapan garaýyşlara, düýpli tekliplere nazar aýlanymyzda, Türkmenistanyň energetika ulgamy öz halkynyň hem-de dünýä halklarynyň abadan, parahat durmuşda ýaşamaklaryna gönükdirilen başlangyçlary bilen gysga wagtda Türkmenistany dünýä tanadyp, halkara derejede uly abraýa eýe boldy we türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynda ähmiýeti çäksizdir.

Bäşim Rahmanow,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň

Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň uly mugallymy


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2025 Ähli hukuklar goralan.