Mähriban Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň möçberli işleriň netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ösüşiň täze derejesine çykdy. Şunda ýaşlaryň eýeleýän ornuna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn aladasy ýaşlary täze döredijilik üstünliklerine, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine gönükdirilen asylly zähmete ruhlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň öňünde belent maksatlar goýuldy. Şunda olaryň milli kanunçylyk ulgamynda amala aşyrylýan işleriň durmuşa geçirilmegine, hukuk medeniýetiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmaklaryna giň ýola açylýar. Bu ugurda bar bolan mümkinçilikleriň ähmiýetini we derejesini açyp görkezmekde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm orun eýeleýändigini bellemek ýerliklidir.
Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek ýaly möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi milli hukuk medeniýetiniň kämilleşdirilmegine, oňa ýaşlaryň çuňňur aralaşmagyna baglydygyny köp ýyllaryň durmuş tejribesi subut etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň düzýändigini belläp, ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny aýtdy. Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar.
Ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berilýär. Şol birwagtyň özünde ýaşlaryň arasynda hukuk medeniýetiniň ösdürilmegi häzirki döwrüň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.
Garaşsyz döwletimizde ýaşlaryň hukuklary hem ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Olara goldaw bermek, häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýaşlara okajak mekdebini, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär. Olaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly zerur işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň barha ýokarlanmagy ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty ulgamynda 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Maksatnamada ýaş nesillerde Watana we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmagyň ýaşlar baradaky syýasatyň esasy ugry bolup durýandygy bellenilýär. Häzirki döwürde ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişi, oňa ýaşlaryň gatnaşygy bilen baglanyşykly maglumatlar metbugat neşirlerinde çap edilýän makalalarda, tele we radio gepleşiklerde öz ornuny tapmalydyr. Munuň özi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan işleriň giňden wagyz edilmegini şertlendirýär.
Soňky ýyllarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, elektron neşirleriň gerimini giňeltmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli öňe ilerletmek meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, onuň işine häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagy we milli žurnalistleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bu düzümleriň oňyn ösüşine kuwwatly itergi berýär.
Ýurdumyzda döwrüň talabyna görä, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Olaryň baş maksady bolsa Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekdir. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmekdir. Ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek, ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, olarda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek ýaly ugurlar döwrüň möhüm meseleleridir. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda amala aşyrylýan esasy maksatlar bilen bir hatarda, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi pugtalandyrmak babatda aýratyn ähmiýetlidir. Munuň özi jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynyň sazlaşygyny üpjün edýär. Şunda milli köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekillerine aýratyn ornuň degişlidigini, olaryň ýaşlaryň hukuk taýdan terbiýelenmeginde, ýaşlar jemgyýetiniň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini bellemek ýerliklidir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň
diňleýjisi Annagül Täçmyradowna Ataýewa