Diňleýjiler Türkmenistanyň Mejlisinde önümçilik tejribesini geçdiler

2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwynyň (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri Türkmenistanyň Mejlisinde önümçilik tejribesini geçdiler.

Önümçilik tejribesiniň dowamynda deputatlar ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleriň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini giňden düşündirdiler.

Bellenilişi ýaly, «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda», Türkmenistanyň Kanuny, «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda, «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna,  «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda, «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda, «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda, Türkmenistanyň Suw kodeksine goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlary tarapyndan Raýat kodeksini, harby borçlulyk we harby gulluk, gidrometeorologiýa işi hakyndaky hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen hem-de beýleki kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda eden çykyşynda durnukly ösüşiň wezipelerini ýerine ýetirmek üçin milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegiň wajyp ugurlaryny kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň öz çykyşynda Halkara Zähmet Guramasynyň esasy kadalaşdyryjy namalaryndan gelip çykýan düzgünleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna ornaşdyrmak, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek we zähmet şertlerini gowulandyrmak, işgärleriň konstitusion zähmet hukuklaryny kepillendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygynyň bellenilmegi adam zähmetine goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Tehnikanyň we tehnologiýanyň ösüşine hem-de durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyk gelýän zähmeti guramagy ýola goýmak ykdysady ösüşi gazanmagyň baş şertleriniň biridir. Durnukly iş hemişe ýokary netijeleri üpjün edýär. Zähmeti we dolandyryşy rejeli guramak ulgamyny kemala getirmek hem-de ösdürmek islendik işiň netijeliliginiň ygtybarly kepilidir. Ol işiň her bir görnüşi üçin zerur bolan işgär sanyny, iş ýerini guramagy, zähmetiň iň gowy şertleriniň döredilmegini, işiň we dynç almagyň tertibini kesgitleýär.

Mälim bolşy ýaly, adam öz zähmeti bilen maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, jemgyýetiň ösüşine oňyn täsir edýär. Zähmet adamy bezeýär we taplaýar. Zähmet çekmek bilen, adam öz fiziki we intellektual mümkinçiliklerini amala aşyrýar, durmuşdaky mynasyp ornuny tapýar, beýleki adamlaryň özüni ykrar etmegini gazanýar. Jemgyýetçilik ähmiýetli bu gatnaşyklar bolsa degişli kanunçylyk bilen kadalaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň döredijilikli zähmetine gönükdirilen kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek möhümdir.

Ýeri gelende bellesek, döwlet dolandyryşynyň döwrebap usullaryny ulanmak arkaly bazar ykdysadyýeti şertlerinde institusional we hukuk özgertmeleri dowam etmek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. Ýurdumyzda her bir adamyň, şol sanda ýaşlaryň halal we öndürijilikli zähmet çekip, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.