2023-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibine laýyklykda 2023-nji ýylyn 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy – berkarar, Bitarap türkmen Diýary» atly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary we diňleýjileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Akyldaryň«Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Il biläni», «Gidiji bolma», «Otur-turuşyn görüň», «Göze myhmandyr», «Ýagşysyn», «Ädejek sen», «Içen ýalydyr», «Dag saýar», «Ýaraşmaz», «Ýakança bolmaz», «Söhbet ýagşydyr», «Ýagşy at galsyn», «Janyna degmez», «Görüm görülmegin ýerde», «Mert biläni», «Gerekdir», «Ýolun aňlamaz», «Özüňden», «Paş eder seni», «Sazyna degmez», «Är ýanynda bellidir», «Näme sen», «Söhbet ýagşydyr», «Durasyň geler», «Gözel sen» atly we beýleki goşgularynyň ýaşlary watançylyk ruhunda, ahlak we gylyk-häsiýet taýdan terbiýelemekdäki orny dogrusynda bellenip geçildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede guramaçylykly belleniler.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň maý aýynda Magtymgulynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» halkara sanawyna girizildi. Bu çözgütler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýanyň, şol sanda görnükli nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan gymmatly mirasyny saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
ÝUNESKO-nyň 1992-nji ýylda döredilen «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasy dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň gadymy ýazuw ýadygärliklerini – kagyz ýüzünde bolşy ýaly, ses ýazgysynda, sanly ulgamda we beýleki görnüşde ägirt uly gymmatlygy bolan resminamalar toplumyny gorap saklamak bilen bagly halkara taslama bolup durýar. Maksatnama medeni mirasy giň okyjylar toplumyna hödürlemegi maksat edinýär. Şeýlelikde, beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ÝUNESKO-nyň Şanly seneleriniň sanawynda orun almagy beýik söz ussadynyň gymmatly mirasy bilen türkmen halkynyň dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşandygynyň aýdyň beýanydyr.