Diplom gowşurmak dabarasy geçirildi

2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gaýtadan taýýarlamak ugrynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwyny (möhleti iki okuw ýyly) üstünlikli tamamlan uçurymlara diplom gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara akademiýanyň mugallymlary we uçurumlar gatnaşdylar.

Okuw meýilnamasyna laýyklykda, diňleýjiler «Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy», «Döwletiň we hukugyň nazaryýeti», «Maliýe we bank hukugy», «Adminstratiw hukugy», «Adminstratiw önümçilik hukugy», «Jenaýat hukugy», «Zähmet hukugy», «Telekeçilik hukugy», «Halkara arbitražy», «Raýat hukugy», «Halkara hukugy», «Halkara hususy hukugy», «Işewür iňlis dili», «Umumy iňlis dili we syýasy-jemgyýetçilik taglymatlar», «Dolandyryş psihologiýasy», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we işewür gatnaşyklary», «Resminamalaryň dolandyrylyşy we ýazuw kadalary», «Türkmen halkynyň milli medeni mirasy», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy», «Bazar ykdysadyýetiniň esaslary», «Marketing», «Sosial barlaglaryň nazaryýeti we usulyýeti», «Ykdysady howpsuzlyk we töwekgelçilik», «Geosyýasat», «Statistika we demografiýa», «Daşary ykdysady aragatnaşyklar», «Makroykdysadyýet», «Buhgalter hasaby we hasabatyň halkara standartlary», «Logistikanyň esaslary», «Menejment», «Sanly ykdysadyýet we döwlet dolandyryşynda sanly ulgamlar», «Maýa goýum işi», «Döwlet we ýerli dolandyryş» ýaly dersler boýunça degişli sapaklary özleşdirdiler. Şeýle-de diňleýjiler döwlet edaralarynda önümçilik tejribesini geçdiler, ýyllyk işini ýazdylar we döwlet synagyny tabşyrdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli döwlet gullugy ulgamyny kämilleşdirmek, hemmetaraplaýyn kämil döwlet gullukçylaryny kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işler mundan beýläk-de dowam etdiriler. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.