«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» 22-nji bölüminde adam maýasyny ösdürmek baradaky wezipelere aýratyn üns berilýär. Döwlet tarapyndan her bir raýatyň döwrebap bilimli, kämil hünärli bolmagy ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. 2023-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryny (okuwyň möhleti bäş aý) üstünlikli tamamlan uçurymlara şahadatnama gowşurmak mynasybetli geçirilen dabaraly çäräni aýdylanlara aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Dabaraly çärä mugallymlar, uçurumlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw möwsüminiň dowamynda döwlet gullukçylary hukuk bilimleri we ykdysady-ynsanperwer bilimleri boýunça dersler toplumyny özleşdirdiler. Şeýle-de, diňleýjiler Türkmenistanyň Mejlisinde, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde önümçilik tejribeligini geçdiler ylmy-barlag işiniň görnüşi bolan gutardyş işini ýazdylar we goradylar. Bäş aýyň dowamynda geçilen sapaklar diňleýjileriň nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmeginde, täze ylmy taglymlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini hem-de tehnologik tilsimleri özleşdirmeginde, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, şol sanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda ähmiýetlidir.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly döwlet gullukçylarynyň täze nesliniň kemala gelmegi üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işler mundan beýläk-de dowam etdiriler.
«Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 38-nji maddasynda: «Türkmenistanyň döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň tälim almagy, özbaşdak bilim almagy üçin degişli derejede şertler döredilýär» diýlip bellenilýär. 2008-nji ýylda döwlet gullukçylary üçin ýokary bilimden soňky çuňlaşdyrylan bilimi berýän ilkinji okuw edarasynyň – Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmegi ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýolunda çynlakaý möhüm ädim boldy. Ýokary hünärli döwlet gullukçylaryny taýýarlaýan iri bilim merkezi hökmünde abraýyny barha ýokarlandyrýan bu okuw edarasynyň uçurymlary, şol sanda ýaş hünärmenler döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň pudaklarynda, aýratyn hem ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda, iri senagat kärhanalarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, jemgyýetçilik guramalarynda ýadawsyz zähmet çekip, Watana hyzmat etmegiň, milli bähbitlerimizi goramagyň göreldeli nusgasyny görkezýärler.
Dabaranyň dowamynda okuwda ýokary bahalar bilen tapawutlanan, şanly seneler mynasybetli geçirilen çärelere işjeň gatnaşan, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş eden diňleýjiler Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň mugallymy Annagül Ataýewa we Balkan welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Etrek etrap Jemagat hojalygy müdirliginiň ykdysatçysy Gurbanbagt Arjykowa hormat haty gowşuryldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy wezipelerini giňden düşündirmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini, kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini, milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleri, häzirki döwürde onuň baý däplerini dowam etdirmegiň, türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny giňden wagyz etmegiň, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň täsin döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen, Annagül Ataýewanyň taýýarlan maglumatdyr habarlary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň internet web-saýtynyň üsti bilen giň köpçülige ýetirildi.
Ýeri gelende bellesek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri halkara gatnaşyklary ösdürmegiň we milli medeniýeti giňden wagyz etmegiň möhüm guralydyr. Köpçülikleýin aňyýetiň we jemgyýetçilk pikiriniň kemala gelmeginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornunyň ýokarlanýandygy bellenmäge mynasypdyr. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryny halk köpçüligi üç ýol bilen, ýagny okamak, diňlemek we tomaşa etmek arkaly kabul edip, öz ruhy islegini kanagatlandyrýar. Döwletimizde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň konstitusion syýasaty talaba laýyk, durnukly ýola goýlandyr, üstesine-de çap edilýän gazet-žurnallaryň, kitaplaryň sany (tiražy) ýaşaýan halkyň sanynyň ep-esli göterimini tutýar, diýmek, ýurdumyzyň ilaty asuda, agzybir, geljege ynamly ýaşaýar diýip aýtmaga doly esas bar.