HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

Mälim bolşy ýaly Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.

Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.

2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň halk maslahatynda kabul edilen taryhy çözgütler we kararlar mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata Akademiýanyň mugallymlary, diňleýjileri we talyplary gatnaşdylar.

Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Hoşallyk maslahatynyň dowamynda mugallymlar, diňleýjiler we talyplar çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, 1991-nji ýyldan bäri geçen 32 ýylyň dowamynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda örän köp işler amala aşyryldy. Bu döwür möhüm wakalar we ägirt uly üstünlikler bilen şöhratlandy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere göteren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň we abadançylygyň aýdyň ýoly bilen täze belentliklere ýetdi.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygynyň esaslaryny, Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, täzeçil başlangyçlary öňe sürüp, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi depginli ösdürmekde, ösüşiň täze tapgyrynda syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, Watanymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini artdyrmakda alyp barýan yzygiderli, maksada okgunly işleri üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylandygyny buýsanç bilen nygtap, mertebesi belent döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň iň ýokary sylagyna mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden mübäreklediler.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, amala aşyrýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.