2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň milli pul birliginiň – manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Türkmen manady ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata akademiýanyň professor-mugallymlary, diňleýjileri, talyplary, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatda «Türkmen manady ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň kepili», «Milli manat ösüşleriň kepili», «Türkmen manady – ýurdumyzyň ösüşiniň nyşany», «Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň senagatlaşdyrylmagynyň milli puluň hümmetiniň artmagyna edýän täsiri», «Türkmenistanyň bank ulgamynyň pul-karz hyzmatlarynyň sanlyaşdyrylmagynyň esasy ugurlary», «Geçiş döwrüniň pul-karz syýasatynyň aýratynlyklary» bilen baglanyşykly çykyşlar diňlenildi.
Maslahatda milli manadyň dolanyşyga girizilmegi bilen ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleriň dörändigi nygtaldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen manadynyň kadaly hereketini ýola goýmak, onuň durnuklylygyny, hümmetliligini üpjün etmek, daşary ýurt puluna amatly gatnaşygyny kesgitlemek maksady bilen, 2008-nji ýylda manadyň bu babatda ýeke-täk hümmete geçmek, 2009-njy ýylda manadyň denominasiýasyny, 2015-nji ýylda bolsa dewalwasiýasyny geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip düzüldi we üstünlikli amala aşyryldy. Şeýle çäreler durnukly ösüşi üpjün etmek bilen, ähli babatda amatly şertleri döretdi.
Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, Watanymy-zyň röwşen geljegi ugrundaky ähli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw edildi.