Şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Ykdysadyýetde, sosial ulgamda we döwlet dolandyryş ulgamynda emeli intellektiň ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata akademiýanyň mugallymlary, diňleýjileri we talyplary gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatda birnäçe çykyşlar diňlenildi we sorag-jogap alşyldy.
Ýeri gelende bellesek, häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, ylym-bilim ulgamyna täzeçil tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar. Dördünji senagat rewolýusiýasyny başdan geçirýän dünýäde kompýuter we beýleki maglumat tehnologiýalary adamlaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman dünýäde maglumat tehnologiýalarynyň ähmiýetliligi ýylyň-ýylyna ýokarlanýar. Olar adama diňe bir çylşyrymly wezipeleriň hötdesinden gelmäge ýardam bermän, eýsem, onuň işini ýeňletmäge hem ukyplydyr. Emeli intellekt, zatlaryň interneti, uly maglumatlar, blokçeýn, robottehnikasy ýaly sanly tehnologiýalar we gurallar, ýene-de köp zatlar jemgyýeti özgertmäge hem-de ony maglumat jemgyýetine öwürmäge ukyplydyr.
Emeli intellekt – bu ylmyň pudagydyr. Ol dört sany amerikan alymlary Jon Mak-Kartiniň, Marwin Minskiniň, Nataniel Roçesteriň we Klod Şennonyň 1956-njy ýylda Dartmut-kollejde (Hanower, ABŞ) guran tomusky seminarynda resmi taýdan neşir bolup çykýar. Şondan bäri, megerem, ählumumy ünsi çekmek maksady bilen oýlanyp tapylan «emeli intellekt» adalgasy şeýle bir ýaýraýar welin, bu günki gün ol barada hiç haçan hiç zat eşitmedik adama duşup bolmasa gerek. Wagtyň geçmegi bilen informatikanyň bu bölümi barha ösýär we kämilleşýär, intellektual tehnologiýalar bolsa dünýäniň gurluşynyň özgermeginde soňky altmyş ýylda möhüm orny eýeleýär.
Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwrebap bilim almaklary, geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Şunuň bilen baglylykda, esasy maksat ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini döwletiň hem-de jemgyýetiň bähbitleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybarat.