ABŞ-da “Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar” atly iş sapary geçirildi

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen konsepsiýany we işlenip taýýarlanylan meýilnamany üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýmek bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagy daşary syýasatyň strategik wezipesi hökmünde kesgitledi. Bu babatda Demirgazyk Amerika yklymynyň kuwwatly ýurdy hasaplanýan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyga-da aýratyn orun degişlidir. Munuň özi ýurdumyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça anyk teklipdir başlangyçlar üçin açykdygyny, bu babatda iş ýüzünde zerur tagallalary etmäge taýýardygyny görkezýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň “Halkara okuw sapary” atly maksatnamasy (IU,P) bilen “Halkara ösüş baradaky agentliginiň” (USAID) “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy tarapyndan 2024-nji ýylyň, 16-njy marty - 7-nji apreli aralygynda “Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar” atly tanyşlyk sapary guraldy. Bu okuw saparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmeni Begenç Annamedow, Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň mugallymy Begenç Gurbanow we magistrleri taýýarlamak okuwynyň talyplary Haknazar Hudaýberdiyew, Begenç Annasähedow dagylar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Pensilwaniýa ştatynyň Pittsburg şäherine guralan okuw saparynyň dowamynda bilelikdäki işde gazanylan üstünliklere syn berip, sanly sowatlylygy ýokarlandyrmak üçin işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly ulgam we kiberhowpsuzlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa, bilim, medeniýet ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändikleri aýdyň ýüze çykdy. Bar bolan ägirt uly mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ony täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ähli şertleriň döredilýänligi bellenildi.

Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we Aşgabat şäherinde hereket edýän amerikan merkezi tarapyndan sungat, ylym, tehnologiýalar ulgamlarynda bilim maksatnamalarynyň müňlerçesi durmuşa geçirildi. «FLEX», «UGRAD», «Fulbright» maksatnamalarynyň çäginde soňky 30 ýylyň içinde türkmenistanly talyplaryňdyr mugallymlaryň, telekeçileriňdir hünärmenleriň 3500-den gowragy okamak hem-de hünärini kämilleşdirmek üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iberildi. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda dünýä ykdysadyýetinde ykdysady kuwwaty boýunça öňdäki orunlary eýeleýän Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek, hemişeki ýaly, ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar.

Türkmen wekiliýetiniň dostlukly ýurda nobatdaky saparynyň çäklerinde geçirilen okuw maslahatyň netijesinde Türkmenistan hem ABŞ medeni we bilim maksatnamalaryna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde ygrarlydyklaryny tassyklap, bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek üçin esas bolup hyzmat etjek bilim pudagyndaky sanly sowatlylygy, emeli aňy ösdürmek we kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin işewür hyzmatdaşlygy goldaýandyklaryny tassyklap, bilim edaralary bilen hususy kärhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinmek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigini, iki tarapyň hem gatnaşyklary has-da ilerletmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda özgertmek boýunça amala aşyrylýan işleriň barşynda pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak möhümdir. Sanly bilimiň ösdürilmegi bilen bir hatarda döwrebap, ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanýan tehnologiýalara daýanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Pensilwaniýa ştatynyň Pittsburg şäherinde guralan okuw saparynyň  çäklerinde bellenip geçilen täsirli  maglumatlar, geljeki döwlet gullukçylaryny hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleriň biri bolup, ABŞ-nyň iri sebitleri bilen ýola goýlan ykdysady, işewür we medeni gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini bellemek esasynda halkara gatnaşyklarynyň, şol sanda bilim pudagynyň yzygiderli giňelmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynanýarys. Bularyň ählisi özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-amerikan gatnaşyklaryny üçünji müňýyllygyň talaplaryna laýyklykda, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine ösüşiň täze derejesine çykarmaga giň mümkinçilikdir.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.