“Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan syýasy, ykdysady ösüşler we medeni-durmuş özgertmeler” atly ylmy-amaly maslahatyň beýany

Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr. Geçen ýyllarda merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik hem-de gurujylyk güýji netijesinde berkarar Watanymyz hemmetaraplaýyn ýokary depginde ösýän döwlete öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň ähli ulgamlarynda amala aşyrylan ägirt uly işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Gysga döwürde gazanylan syýasy, ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeler raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy, gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny pugtalandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde dünýä dolmagynyň 33 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda “Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan syýasy, ykdysady ösüşler we medeni-durmuş özgertmeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Akademiýanyň we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, diňleýjileri, talyplary, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleri, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow giriş sözi bilen başlady. “Garaşsyzlyk we milli hukuk ulgamynyň ösüş ýoly”, “Sanly ykdysady ösüşde döwlet statistikasynyň orny”, “Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gullukçylaryny taýýarlamak”, “Bank ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler”, “Ýerli häkimiýetiň bilelikdäki alyp barýan işleriniň konstitusion hukuk esaslary” atly hem-de pudaklaryň bäsleşige ukyplygyny gazanyp, dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirmäge gönükdirilen işler bilen bagly temalar boýunça çykyşlar diňlenildi.

Maslahatda türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde müdimilik orun alan bu möhüm seneden bäri geçilen taryh üçin uzak bolmadyk wagt aralygynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda gazanylýan üstünlikler, şeýle-de bazar ykdysadyýetiniň häzirki şertlerinde özüniň oňyn ösüş ýoluny berkidip, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, oýlanyşykly işlenip taýýarlanylan ykdysady strategiýa we halk hojalygynyň öňdebaryjy pudaklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin amala aşyrylýan çäreler, Türkmenistana jemi içerki önümiň ýokary ösüş depgini, senagat önümçiliginiň möçberi, daşary söwda dolanyşygy, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň içerki bazardaky nyrhlarynyň durnuklylygy dogrusynda hem çykyşlar diňlenildi.

Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şygarydyr. Muňa Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli şähergurluşyk syýasaty aýdyň şaýatlyk edýär. Iň täze sanly tehnologiýalary özünde jemleýän döwrebap Arkadag şäheriniň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň gurulmagy häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşiň belentliklerine çykýandygynyň görkezijisine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Ylmyň gazananlarynyň durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň alan bilimlerini we başarnyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi üçin döwletimizde ähli şertler we mümkinçilikleriň döredilýär.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine we ýeten sepgitlerine çäksiz buýsanýan halkymyzyň jemgyýetçilik işjeňliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönüden-göni goşant goşýan şeýle çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen köpugurly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.