Döwlet binýadynyň mizemezligi

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda mugallymlaryň, diňleýjileriň we talyplaryň gatnaşmagynda “Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy – Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet binýadynyň mizemezligi” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory Alym Annamyradow çykyş edip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylyşy dogrusynda belläp geçdi. Şeýle-de Alym Annamyradow çykyşynda 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda akademiýanyň döwlet gullukçylarynyň okamaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri we täze hünärleri ele almaklary üçin ähli şertler döredilen täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlendigi, 2024-2025-nji okuw ýylyndan şertnamalaýyn tölegli esasda magistr maksatnamalary boýunça administratiw hukugy, işgärleri dolandyrmak, ylym we bilim işlerini dolandyrmak ugurlary boýunça okuwlaryň açylandygy hakynda buýsanç bilen aýtdy.

Maslahatda çykyş edenleriň aýdyşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda yzygiderli ösüş gazanýan döwletleriň hataryna goşuldy. Tebigy baýlyklara örän baý bolan ýurdumyz bu günki gün ykdysady taýdan hem, syýasy we beýleki ugurlar boýunça-da özboluşly ösüş ýoluna düşen ýurt hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we uly tutumlaryň netijesinde türkmen halky asuda, abadan, eşretli durmuşyň hözirini görýär. Jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň müdiri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Laçyn Hudaýberdiýewa çykyşynda:“ Garaşsyzlyk güni halkymyz üçin aýratyn taryhy sene bolup, bu beýik senede berkarar Watanymyzyň şanly geçmişi, üstünliklere beslenen häzirki güni hem-de beýik geljegi jemlenendir. Çünki şol gün halkymyzyň asyrlaryň dowamynda köňlünde besläp gelen erkin, özygtyýarly, Garaşsyz döwlet baradaky arzuw-maksatlary hasyl boldy. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr” diýip belledi.

Pikir alyşmalaryň barşynda, 24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda hem durlup geçildi. Aşgabat şäher Halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň hormatly il Ýaşulusy Gurbannazar Ataýewiň çykyşynda belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli däplerimize eýerilip geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýşynyň mynasyp derejesini üpjün etmek babatda düýpli öňegidişlikleri gazanmak bilen birlikde, halk häkimiýetiniň ýörelgelerini hem döwrebap görnüşde kämilleşdirýär. Şunda asyrlaryň dowamynda milletimiziň ykbalyna, ruhy gymmatlyklaryna siňen döwletlilik ýörelgeleriniň gözbaşynda durýan döwletiň we raýatlaryň özara hyzmatdaşlygy berkeýär.

Şeýle-de maslahatda buýsançly çykyşlar bilen bir hatarda Watana bolan söýgi, Garaşsyzlygyň ähmiýeti, ýurdumyzyň ösüşleri hakynda täsirli goşgular hem okaldy. Maslahat halkymyza şeýle eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan alkyş sözleri bilen jemlendi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.