HALK MASLAHATY: DÖWLETLI GEŇEŞE BARÝARYS

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň» şan-şöhrata we uly üstünliklere beslenýän döwründe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmelere ser salmak bilen, taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýdyp bileris. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, onuň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Maslahat köşgünde geçiriler. Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Şu günler ýurdumyzda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň we döwletiniň öňden gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma – Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine işjeň taýýarlyk görülýär. Ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan orny örän uludyr. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, türkmen jemgyýetinde agzybirligi, jebisligi has-da pugtalandyrmak Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň hemişelik hereket edýän Prezidiumynyň döredilmegi we düzüminiň kesgitlenmegi aýratyn ähmiýetlidir. Prezidium Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guraýar, onuň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatyny çagyrmak we geçirmek bilen baglanyşykly we öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär.

«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, türkmen halkynyň şöhratly ata-babalarynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edarany – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen işjeň taýýarlyk görülýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde geçen döwürde alnyp barlan işleriň jemi jemlener, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitleniler, olary durmuşa geçirmegiň ýollary babatda tekliplere garalar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Mejlisiň gün tertibini hem-de resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmenistanlylara öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetini düşündirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk senesi türkmen halky üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. 33 ýyl mundan ozal gadymy türkmen halkynyň erk-islegi amala aşyrylyp, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion Kanun kabul edildi hem-de Türkmenistan garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly özgerişikler bolup, düýpgöter täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy kemala geldi.

Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Şu geçen ýyllarda ýurdumyzda azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi, kämil döwlet dolandyryş edaralary döredildi. Döwlet, jemgyýetçilik durmuşyna demokratik ýörelgeler tapgyrma-tapgyr ornaşdyryldy. Watanymyzda geçilen 33 ýyllyk ýol halkymyzyň ykbaly üçin tutuş eýýamlary ruhlandyrýan döwrüň bir bölegidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler geljekde has-da belent sepgitlere ýetmek üçin esas bolýar. Parasatly pederlerimiziň ruhy siňen keramatly türkmen topragy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna mynasyp boldy.

Örän gysga wagtda Türkmenistan Garaşsyzlygy hemra edinip, hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine daýanyp, goňşy we alysdaky hyzmatdaş ýurtlaryna ynsanperwerlik goluny uzadýan, maddy we ruhy taýdan goldaw-hemaýat edýän arkalaşykly döwlete öwrüldi. Bu gün türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan däpleri biz ýaşlaryň ruhy kuwwady bolup, röwşen ertirimiziň umytlary bilen utgaşýar. Geljekde-de Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşine öz mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Dünýägözel TÄÇMYRADOWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.