30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty boldy. Oňa akademiýanyň mugallymlary, diňleýjileri we talyplary gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatynda ýurdumyzda geçirilen umumymilli forumyň ähmiýeti, onuň dowamynda öňde goýlan wezipeler hakynda gürrüň edildi.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory Alym Annamyradow çykyş edip, “Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň berkararlygynyň ýene bir ýola aýdyň subutnamasy boldy. Çünki bu döwletli maslahatda il-ýurt bähbitli möhüm başlangyçlar öňe sürlüp, geljekdäki täze wezipeler kesgitlenildi” diýip belledi.
“Ýurdumyzda Halk Maslahatynyň geçirilmegi döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmekde, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmakda, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge halk köpçüligini giňden çekmekde, teklipleri işläp taýýarlamakda, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmakda örän ähmiýetlidir” diýip, Aşgabat şäher Halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň hormatly il Ýaşulusy Gurbannazar Ataýew öz çykyşynda aýtdy.
Dogrudan hem, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi ösdürmek, beýgeltmek maksady bilen döredilendir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda: “Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär” diýip belledi. Bu barada hoşallyk maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Setdar Setdarow çykyş edip, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri, telekeçiligiň ösdürilmegi dogrusynda belledi.
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisiniň dowamynda yhlasly, tutanýerli zähmet çeken ildeşlerimiziň birnäçesi döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy Ýazmyrat Küläýew “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyna, şeýle-de akademiýanyň diňleýjisi Nepesowa Bagtygül Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň ýeňijisi diýen ada mynasyp boldy. Hoşallyk maslahatynda uly mugallym Ýazmyrat Küläýew we akademiýanyň diňleýjisi Bagtygül Nepesowa çykyş edip, çeken zähmeti üçin mynasyp bolan sylagy mynasybetli çäksiz hoşallyk sözlerini aýdyp, geljekde-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. “Halk maslahaty ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepalydygymyzyň nyşany bolup, halkymyzyň ýurdy dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi Senem Berdiýewa öz çykyşynda aýtdy.
Hoşallyk maslahatynyň barşynda, sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän aýdymdyr sazlaryň ýerine ýetirilmegi dabaranyň täsirini has-da artdyrdy. Şeýle-de bu dabarada akademiýada uzak wagtlap zähmet çeken halypa mugallymlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Dabara Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.