Magistr maksatnamalary boýunça okuwlara online arkaly ýazylmak üçin

I Tapgyr:

Şu aşakdaky salgy boýunça onlaýyn hasaba alnyşy geçiň.

https://forms.gle/41N5ZFAcojixReACA


II Tapgyr:

Aşakdaky resminamalary academy01@dga.edu.tm elektron poçta salgysyna iberiň:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; (skanirlenen göçürmesi)

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); (skanirlenen göçürmesi)

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; (skanirlenen göçürmesi)

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; (skanirlenen göçürmesi)

— 3x4 sm ölçegdäki fotosurat; (elektron görnüşinde, asyl nusgasy sekiz sany)

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi. (skanirlenen göçürme)

— şahsy pasportyny; (skanirlenen göçürme)

—  ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar); (skanirlenen göçürmeleri)

Dalaşgär okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.


III Tapgyr:

Dalaşgäriň elektron  görnüşinde ugradylan resminamalary kabul edýän iş topary tarapyndan seljerilip, dalaşgäriň electron poçtasyna hat üsti bilen netijesi barada habar berler.


IV Tapgyr:

Resminamalaryň asyl nusgalaryny dalaşgär giriş synaglarynyň öň ýanynda (bir gün öňünden) tabşyran ýagdaýynda giriş synaglaryna goýberilýär.

Image
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.