Sport täzelikleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda degişli işler alnyp barylýar.

Meýilnama laýyklykda 2019-njy ýylyň oktýabrynda kiçi futbol boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Döwlet apparatynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak» okuwynyň (okuwyň möhleti iki ýyl) we «Döwlet apparatynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak» okuwynyň (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileriniň toparlarynyň arasynda iki tapgyrdan ybarat ýaryşlar guraldy.

Çekeleşikli häsiýetde geçen ýaryşlarda ussatlar öňe saýlanmagy başardylar. Oýunlarda gazanan utuklarynyň netijelerine laýyklykda «Döwlet apparatynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak» okuwynyň (okuwyň möhleti bäş aý) birinji möwsüminiň ikinji topary birinji orna, «Döwlet apparatynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak» okuwynyň (okuwyň möhleti iki ýyl) ikinji ýyl diňleýjileriniň ikinji topary ikinji orna, «Döwlet apparatynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak» okuwynyň (okuwyň möhleti iki ýyl) birinji ýyl diňleýjileriniň ikinji topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiş gazanan toparlara hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Meýilnama laýyklykda 2019-njy ýylyň noýabrynda diňleýjileriň arasynda woleýbol boýunça we zenan döwlet gullukçylaryndan düzülen toparlaryň arasynda hereketli oýunlar boýunça geçiriljek ýaryşlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärlerinde we diňleýjilerinde uly gyzyklanma döredýär.


Academy of State Service under the President of Turkmenistan. © 2026 Copyright.