2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, onuň geljekki anyk ugurlary kesgitlenildi. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigi tassyklanyldy, döwletara gatnaşyklary has-da berkitmek, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň eýe bolan ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygy aýdyldy.
Giňişleýin düzümde türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama sanly ulgam arkaly gol çekildi.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Gahryman Arkadagymyz özüniň ýüzlenme çykyşynda ylym, bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi, bu hyzmatdaşlyk ýyl-ýyldan giňeldilýär hem-de yzygiderli, uzak möhletleýin esasda amala aşyrylýar. Şu gezekki saparyň barşynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň birnäçe iri ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalar muňa şaýatlyk edýär, bu ylalaşyklar ylmy işleri geçirmek, talyplary alyşmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we taslamalary işläp düzmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Biziň ýurdumyz Gazagystan Respublikasynyň öz okuw mekdeplerinde türkmenistanly ýaş hünärmenleri taýýarlamak işine yzygiderli ýardam edýändigine ýokary baha berýär we minnetdarlyk bildirýär diýip nygtap geçdi.
Ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi babatda ýadawsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
