HOŞ HABAR

2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şeýle hem hasabatyň dowamynda milli Liderimize Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň taslamasy we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgysy görkezildi.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim almak ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu desgalar toplumynyň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.

Bu hoş habar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlar düzümi, işgärleri we diňleýjileri tarapyndan uly ruhubelentlik we şatlyk duýgulary bilen, Gahryman Arkadagymyzyň sowatly, ylymly-bilimli, ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagy, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy barada edýän ýadawsyz tagallalarynyň nobatdaky aýdyň beýany hökmünde kabul edildi.


Академия государственной службы при Президенте Туркменистана. © 2026 Все права защищены.