Başarnyklara esaslanýan okuwlar.

2021-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Ýewropa Komissiýasynyň «Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam» atly taslamasynyň çäklerinde Döwlet dolandyryş pudagyna degişli Magistrlik maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça taslamanyň uly bilermeni, Germaniýa Federal Hökümetiniň Federal dolandyryş uniwersitetiniň konstitusion hukuk we syýasat boýunça professory, doktor Klaus Erdman sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary bilen «Başarnyklara esaslanýan okuwlaryň işlenip taýýarlanyşy» atly okuw maslahatyny geçirdi.

Okuw maslahatynyň dowamynda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň bilim syýasatynyň ýörelgelerine, okuw usullaryna, şol sanda modullar boýunça okuw guramagyň aýratynlyklaryna garaldy. Çäräniň barşynda professor mugallymlaryň soraglaryna jogap berdi.


Academy of State Service under the President of Turkmenistan. © 2026 Copyright.