Hyzmatdaşlygyň täze ugry

Sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir, bu dostlukly ýurduň halky bilen türkmen halkyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary hem-de taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy ýörelgeleriň umumylygy birleşdirýär.

2021-nji ýylyň 28-nji iýununda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti hormatly Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi. Ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi tassyklanyldy. Bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etmek barada ylalaşyk gazanyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, duşuşygyň jemleri boýunça söwda-ykdysady, bilim, medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen çözgütleriň kabul edildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ylym we bilim ulgamlarynda, halklarymyzyň örän baý medeni-taryhy mirasyny gaýtadan dikeltmekde uly mümkinçilikleri bar. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama alşyldy. Bu resminama doganlyk Gyrgyzystan bilen döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşynyň, döwlet gullugy ulgamynyň meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatynda giň mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!


Academy of State Service under the President of Turkmenistan. © 2026 Copyright.